Baýlygy 600 milliarddan geçdi

Baýlygy 600 milliarddan geçdi

“Forbes” žurnalynyň habar bermegine görä, “SpaceX”-iň biržada paýnamalarynyň hödürlenjekdigi baradaky habarlaryň peýda bolmagy bilen, Ilon Maskyň baýlygy 600 milliard dollardan geçdi.Amerikan işewüriniň oktýabr aýyndaky arassa baýlygy 500 milliard dollardan geçipdi.

Işewüriň “SpaceX” kompaniýasynda 42 göterimlik paýy bar. “SpaceX” jemi 800 milliard dollar baha bilen birža çykarylar.Bu bolsa, Maskyň baýlygyny 168 milliard dollar artdyrdy.Netijede onuň baýlygy 677 milliard dollara ýetdi.

Maskyň “Tesla” kompaniýasynda hem 12 göterimlik paýy bar. Satuwynyň azalýandygyna garamazdan, “Tesla”-nyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 13 göterim ýokarlandy.

Ýene degişli makalalar

Maskyň baýlygy 700 milliard dollardan geçdi
Mask adamzadyň halas bolmagy üçin şertleri agzady
Tramp wezipelere belledi
“Time” žurnaly “emeli aň arhitektorlaryny” ýylyň adamy diýip atlandyrdy
1000-den gowrak uçary internete birikdirdi
Roskosmosda adamzadyň haçan Marsa baryp biljekdigi aýdyldy