“Time” žurnaly “ýylyň adamy” hökmünde “emeli aň arhitektorlaryny” saýlady. Bu barada neşiriň saýtynda habar berilýär.
Žurnalyň daşky sahabynda meşhur “Gökdirändäki günortanlyk” fotosuratyna salgylanylýar.Onda “Meta” kompaniýasynyň baş direktory Mark Sukerberg, AMD-niň baş direktory Liza Su, “xAI”, “SpaceX” we “Tesla”-nyň baş direktory UIon Mask, “OpenAI”-nyň baş direktory Sem Altman, “Nvidia”-nyň baş direktory Jensen Huang, “DeepMind”-iň baş direktory Demis Hassabis, “Anthropic”-iň baş direktory Dario Amodeý we “ImageNet”-iň esaslandyryjysy Fei-Feý Liniň suratlary şekillendirilýär.
“Time” şu ýyl emeli aňyň esasy habarlarda agdyklyk edendigini belledi. “Ýylyň adamy” bu bütin dünýäniň ünsüni durmuşymyzy kemala getirýän adamlara tarap çekmegiň güýçli usulydyr. Bu ýyl hiç kim emeli aňy oýlap tapanlardan, taslanlardan we ony döredenlerden has uly täsir galdyrmady diýip, neşiriň saýtynda aýdylýar.
2024-nji ýylda “Time” Donald Trampy ýylyň adamy diýip atlandyrdy. Neşiriň maglumatlaryna görä, Trampyň syýasy taýdan täzeden janlanmagy Amerikanyň taryhynda deňsiz-taýsyzdyr.
