Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi

Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi

Fransiýanyň LVMH (Louis Vuitton Moet Hennessy) kompaniýalar toparynyň prezidenti Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda Ilon Maskdan öňe geçdi. Bu barada Forbes žurnalyna salgylanýan TASS habar berdi.

Habara görä, Arnonyň emlägi 21,6 mlrd dollar köpelip, häzir 205,8 mlrd dollar bahalanýar.

Öň sanawda birinji orunda bolan Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň eýesi Ilon Maskyň emlägi 204,2 mlrd dollary düzýär. Ol sanawda ikinji orna geçdi.

Sanawda üçünji orunda Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos (179,9 mlrd dollar) ýerleşdi.

Ýene degişli makalalar

Mask ýene-de dünýäniň iň baý adamy boldy
Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi
Mask bilen Bezosyň maliýe emlägi ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň serişdelerinden köp
Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynyň başyny çekdi
Dünýäniň üçünji baý adamy yglan edildi
"Louis Vuitton" brendiniň eýesi ýene-de dünýäniň iň baý adamy