Mask ýene-de dünýäniň iň baý adamy boldy

Mask ýene-de dünýäniň iň baý adamy boldy

Tesla kompaniýasyny esaslandyryjy, amerikan işewüri Ilon Mask Forbes žurnalynyň wersiýasy boýunça dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynyň birinji hataryna çykdy diýip, Trend ýazýar.

Habarda Maskyň emläginiň 5,9 milliard dollar ýa-da 2,51 göterim artandygy bellenýär, häzirki wagtda onuň ähli baýlygy 242,5 milliard dollara deňdir.

Sanawdaky ikinji orunda 74 ýaşly Bernar Arno ýerleşdi, ýagny Louis Vuitton Moet Hennessy kompaniýalar toparynyň prezidentiniň we onuň maşgalasynyň emlägi 234,6 mlrd dollara deňdir. Üçünji orunda Amazon kompaniýasyny esaslandyran Jeff Bezos 152 mlrd dollar emlägi bilen orun aldy.

Ýene degişli makalalar

Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi
Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi
Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynyň başyny çekdi
Forbes: dünýäniň baý adamlarynyň emlägi azaldy
18-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Mask bilen Bezosyň maliýe emlägi ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň serişdelerinden köp