Raýan Reýnolds döredijilik arakesmesini yglan etdi

Raýan Reýnolds döredijilik arakesmesini yglan etdi

"Dedpul" we "Baş gahryman" filmleriniň ýyldyzy Raýan Reýnolds öz Instagram sahypasynda kinoda "kiçeňräk" döredijilik arakesmesine gitjekdigini mälim etdi. Bu barada film.ru habar berdi.

Reýnolds iýul aýyndan bäri Will Ferrell we Oktawia Spenser bilen bilelikde Apple TV+ üçin “Gaýratly” (“Spirited”) filminiň üstünde işleýär. Çarlz Dikensiň “Roždestwo hekaýaty” romanyna esaslanýan bu filmiň surata düşüriliş işleri şenbe güni tamamlandy.

Baş keşplerde Dueýn Jonson we Gal Gadot çykyş edýän “Gyzyl bildiriş” uruşganly filmi Reýnoldsyň gatnaşmagynda ýylyň ahyryna çenli Netflix-de çykar. Şeýle hem häzirki wagtda onuň baş keşbi janlandyrmagynda "Baş gahryman" filminiň dowamynyň üstünde işlenilýär.

Ýene degişli makalalar

Hýu Jekman kärdeşi Raýan Reýnoldsa garşy çykdy
Ýylyň garaşylýan filmleri
Ýylyň garaşylýan filmleri 2
Owganystan ABŞ bilen tussaglylary çalyşmaga taýýar
Microsoft koronawirus sebäpli işgärleriň ofislere gaýdyp barmagyny yza süýşürýär
Barselonanyň ýarymgoragçysy Pedri Golden Boy baýragyna eýe boldy