Peskow: "Ýakyn Gündogardaky ýagdaýa alada bildirýäris" diýdi

Peskow: "Ýakyn Gündogardaky ýagdaýa alada bildirýäris" diýdi

Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Ysraýylyň Liwana garşy guraýan hüjümleri bilen baglanşykly Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň örän howpludygyny we aladalandyryjydygyny beýan etdi.

Dmitriý Peskow paýtagt Moskwa şäherinde metbugat işgärlerine Ysraýylyň Liwana garşy guraýan hüjümleri we Ýakyn Gündogardaky ýagdaý barada beýanat berdi.

Ýakyn Gündogarda häzirki wagtda islendik çözgüt mümkinçiligini aýtmagyň kyndygyny aýdan Peskow, çözüwiň ýeke täk bir ýurduň monopoliýasyndadygyny beýan etdi.

Peskow: "Parahatçylyga barýan ýol ýurtlaryň biriniň monopoliýasyndadyr we şu wagta çenli netije alyp bolmady. Häzirki wagtda haýsydyr bir mümkinçiligi kesgitläp bilmeris. Bu bolsa ýagdaýy has hem howply ýagdaýa getirýär" diýip belledi.

Peskow çaknyşyklaryň ýaýbaňlanmagynyň sebiti dolulygyna durnuksyzlaşdyrmagyna sebäp boljakdygyny aýdyp: "Elbetde bu biziň üçin gaty aladaly ýagdaýdyr" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Dmitriý Peskow gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi
Tramp, Zelenskiý we Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Putin sişenbe güni ABŞ-nyň ýörite wekilini kabul eder
Russiýa Türkiýä minnetdarlyk bildirdi
Putin: Ukrainadaky urşuň öň liniýasyndaky başlangyç rus güýçlerindedir
Russiýa Türkiýäniň Ukraina düşnüşmezliginiň çözülmegi üçin edýän tagallasyna kanagatlanma bildirýär
Putin Makron bilen duşuşmaga taýar