Bilermenler ýurdumyzyň gurak sebitleriniň durnukly ösüşi boýunça taslamanyň durmuşa geçirilişiniň barşyny seljerdiler

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň BMG-nyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) we Ählumumy ekologiýa gaznasy (ÄEG) bilen bilelikde durmuşa geçirýän “Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalyk bileleşikleriniň howa durnukly ykdysady işeňňirligini goldamak” taslamasynyň Geňeşiniň mejlisi ýarym ýylyň jemine bagyşlandy.

Taslamanyň çäklerinde Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň etraplarynyň dördüsiniň meýdanlaryndaky synag hojalyklaryna oba hojalyk önümçiligini alyp barmak we suw serişdelerini dolandyrmak üçin uýgunlaşdyryş meýilnamalaryny düzmekde we durmuşa geçirmekde kömek berilýär.

Hatarynda parlamentiň deputatlary, Oba we suw hojalyk ministrliginiň, Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň, “Daýhanbankyň”, şeýle hem etrap we welaýat häkimlikleriniň wekilleri bolan iş toparynyň agzalary gazanylan netijeler barada pikir alyşdylar we geljekki çäreleriň meýilnamasyny bellediler.

Taslamanyň ýolbaşçysy Amangül Öwezberdiýewanyň habar bermegine görä, daýhanlara maglumat-maslahat kömegini bermek üçin serişdeler merkezlerini guramak boýunça işler dowam edýär.Taslamanyň ýyllyk býujetiniň aglaba bölegi häzirkizaman suwaryş tehnologiýalaryny, sorujy enjamlary, transformatory, ýeri lazer enjamyny ulanyp tekizlemek üçin iki toplumy satyn almaga we “Garagum” maldarçylyk hojalygynda we “Parahat” daýhan birleşiginde elektrik geçiriji liniýalary gurmaga gönükdirildi.

Duşuşykda ýerli hünärmenler bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň, ýokary tehnologiýaly enjamlarda işlemek boýunça okuw-türgenleşiklerini geçirmegiň zerurlygy nygtaldy.Taslamanyň maslahatçylarynyň ýolbaşçylygynda suwdan netijeli peýdalanmak we meýdanlaryň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin AquaCrop, ClimWat, EToCalculator, Emotion Ltd.

programma üpjünçiligi öwrenilýär.Milli suw we ýer kanunçylygyny kämilleşdirmäge ýardam bermek, hususan-da, döwlet ýer kadastryny alyp barmak düzgünini, topraklaryň bonitirowkasy, suwarylýan ýerlere ykdysady taýdan baha bermek barada düzgünnamalary, şeýle hem dürli kadalaşdyryjy resminamalary taýýarlamak taslamanyň ugurlarynyň biridir.

Türkmenistanyň “Daýhan birleşikleri hakynda” we “Daýhan hojalyklary hakynda” Kanunlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça teklipleriň üstünde işlenilýär.Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň wekili, halkara gatnaşyklary we meýilleşdirme müdirliginiň başlygy Berdi Berdiýew BMG-nyň Ösüş maksatnamasy bilen howanyň üýtgemegi, ýerleriň zaýalanmagy, bioköpdürlüligi goramak babatda uzak möhletleýin taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmek boýunça köpýyllyk hyzmatdaşlygy belledi.

Geçen ýyl Uýgunlaşma gaznasynyň maliýeleşdiren “Howanyň üýtgemegi bilen baglylykda Türkmenistanda milli we ýerli derejelerde fermer hojalyklary ulgamynda töwekgelçiliklere seslenme” taslamasy tamamlandy. Ýakyn wagtda ÄEG-nyň maliýe taýdan goldaw bermeginde şäherleriň howa durnukly ösüşi boýunça bilelikdäki taslama işläp başlar.

Maksatnamalaryň birnäçesi, şol sanda howa töwekgelçilikleri we maldarçylyk ulgamynda hususy pudagyň işi bilen bagly maksatnamalar işlenilip taýýarlanylýar.Duşuşyga BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Slobodan Tadiç gatnaşdy, ol oba hojalyk bileleşiklerini goldamak boýunça taslama işleriniň netijeliligine oňyn baha berdi.

Ýene degişli makalalar

“Fenerbahçe” toparynyň täze 10-njy belgilisi
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
12 TOPAR 2-nji TAPGYRDA
Iňlis toparlary italýan toparlaryndan öňe saýlandy
Bu ýyl “Real Madrid” çempion bolmaz
EUR0 2020-ä badalga berildi