Iňlis toparlary italýan toparlaryndan öňe saýlandy

“A” toparçada “Monakony” myhmançylykda Rafael Guerreironyň 2 goly bilen ýeňen Dortmundyň “Borussiýasy” 1-nji orny eýeledi. “Klub Brýugge” bilen deňme-deň oýnan “Atletiko Madrid” 2 utuk ýitirip, 2-nji orna düşdi. “B” toparçadaky 2 oýun hem 11 deňlikde gutardy. “Barselona” 7-nji minutda Dembeleniň goly bilen öňe geçdi. 85-nji minutda-da “Tottenhamyň” braziliýaly oýunçysy Lukas Moura hasaby deňledi. Şeýlelikde,“Interiň” öz meýdançasynda PSW bilen 11 oýnamagyndan soň, “Tottenham” toparçadan çykan 2-nji klub boldy. “C” toparçadaky 4 toparyň-da ykbaly 6-njy oýunlardan soň kesgitlendi.

Geçen ýylyň finalçysy “Liwerpul” 2-nji tapgyra çykmak üçin öz meýdançasynda “Napolini” 10 hasaby bilen utsa-da ýeterlikdi.Bu şeýle-de boldy.Iňlis klubuna ýeňiş getiren ýeke-täk pökgini 34-nji minutda Mohamed Salah derwezä girizdi.

Oýnuň soňky minutlarynda “Liwerpulyň” derwezeçisi Allison Beker birnäçe howply pursatlarda “Liwerpuly” goldan halas etdi.PSŽ bolsa, myhmançylykda “Srwena Zwezdany” 41 hasabynda ýeňdi.Parižlileriň gollaryny Günorta amerikaly futbolçylar — Kawani, Neýmar, Markinios hem-de fransiýaly ýaş ýyldyz Mbappe derwezä girizdi. “D” toparçada-da “Porto” topary myhmançylykda “Galatasaraýdan” 32 üstün çykdy.

Duşuşykda “Portonyň” derwezesini goran ispaniýaly Iker Kasilýas UEFA Çempionlar ligasyndaky 100-nji ýeňşini gazandy.Ol Kristiano Ronaldodan soň, bu görkezijä ýeten 2-nji futbolçy boldy. “Lokomotiwi” Şýopfuň 90+1-nji minutdaky goly bilen 10 ýeňen “Şalke” 2-nji ýeri eýeledi. “Galatasaraý” bolsa, 3-nji orunda tamamlap, Ýewropa ligasyna goşular.“E” toparçada 13 ýyldan soň, 2-nji tapgyra çykan “Aýaks” öz meýdançasynda 1970-nji ýyllardaky ezeli bäsdeşi “Bawariýa” bilen duşuşdy. 1-nji ýarymynda 1 gol geçirilen duşuşyk 3-3 deňlikde gutardy. 13-nji minutda Lewandowski hasaby açdy. 61-nji minutda Tadiç hasaby deňledi. 82-nji minutda penaltini dürs ýerine ýetiren Tadiç toparyny öňe saýlasa-da, bu gezek 5 minutdan soň, Lewandowski penaltiden hasaby deňlemegi başardy. 90-njy minutda “Bawariýanyň” fransuz oýunçysy Koman owadan urgy bilen tapawutlandy. 90+5-nji minutda-da Tagliefiko “Aýaksy” ýeňlişden halas etdi.

Toparçadaky beýleki duşuşykda-da “Benfika” grekleriň çempiony AEK-i Grimaldonyň 88-nji minutdaky goly bilen 10 ýeňdi. “F” toparçada-da “Mançester Siti” öz meýdançasynda Germaniýanyň “Hoffenhaým” toparyny nemes hüjümçisi Leroý Saneniň gollary bilen 21 ýeňlişe sezewar etdi.

Toparçada 2-nji ýeri eýelemek ugrunda göreşýän 2 toparyň arasyndaky oýunda-da “Şahtýor Donesk” Ukrainada “Liony” kabul etdi. 22-nji minutda Moraes bilen ýer eýeleri öňe saýlansa-da, 65-nji minutda Nabil Fekir hasaby deňläp, fransuz toparyny 2-nji tapgyra çykardy.

Ýene degişli makalalar

Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
“Altyn top” baýragynyň dalaşgärleri
12 TOPAR 2-nji TAPGYRDA
Azmun Baýer bilen Ýewroligadaky ilkinji duşuşygyna gatnaşdy, Barselona öz meýdanynda ýene ýeňip bilmedi we başga netijeler
“Barselona” ikinji tapgyra çykdy