Transfer täzelikleri

Madridiň “Atletiko” topary tomusky transfer möwsümine iň işjeň gatnaşýan toparlaryň esasylarynyň biri bolup durýar.Birnäçe oýunçysyny ugradan “Atletiko” beýleki bir tarapdanam giden futbolçylaryň öwezini dolýar.Madridliler Angliýanyň “Tottenham” toparyndan Kieran Trippieri transfer etdi.

Ispan kluby iňlis goragçysy bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. 28 ýaşyndaky sag goragçynyň transfer bahasy 30 million ýewro töweregi bolar. “Atletiko” topary “Espanýol” toparynyň goragçysy Mario Hermosony hem düzümine goşdy. 24 ýaşyndaky oýunçy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşan “Atletiko” topary bu transfer üçin “Espanýola” 25 million ýewro berer.

Madridliler dowam edýän transfer möwsüminde Felipe Monteiro, Renan Lodi ýaly goragçylary-da düzümine goşupdy. “Atletiko Madrid” topary “Porto” klubundan meksikaly ýarymgoragçy Hektor Herrerany hem tölegsiz transfer etdi.“Lion” toparynyň fransiýaly hüjümçisi Nabil Fekir karýerasyny ispanlaryň “Betis” toparynda dowam etdirer. 26 ýaşly oýunçy täze kluby bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Oýunçynyň transfer bahasy 20+10 million ýewro möçberinde diýlip kesgitlenildi.Fekir “Lionda” 193 duşuşykda meýdança çykdy.Ol şol oýunlarda 69 gezek tapawutlandy. Şeýle-de Nabil Fekiriň inisi Ýassin hem agasy bilen bilelikde “Betis” toparyna transfer bolar. 22 ýaşly ýarymgoragçy täze kluby bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşdy. “Lion” topary Ýassin Fekiriň indiki boljak transfer mukdarynyň 50 göterimini alar.Hytaý klublarynyň hataryna goşulýanlaryň sany barha artýar. “West Bromwiçiň” geçen möwsümde “Nýukaslda” kärendesine oýnan wenesuelaly hüjümçisi Hoze Salomon Rondon Hytaýyň “Dalian Ifan” toparyna transfer boldy. 29 ýaşly oýunçynyň transfer bahasy 18 million ýewro diýlip kesgitlendi.

Rafael Benitesiň tälimçiligindäki, Hamşik, Karrasko ýaly ýyldyzlaryň çykyş edýän “Dalian Ifan” toparynda eýýäm 1 duşuşyk geçirip, şol oýunda-da tapawutlanan Rondon “Rubin”, “Zenit” ýaly klublaryň hem köýnekçesini geýipdi.“Tottenhamyň” gollandiýaly hüjümçisi Winsent Ýanssen karýerasyny Meksikanyň “Monterreý” toparynda dowam etdirer. 25 ýaşly hüjümçi täze kluby bilen uzak möhletleýin şertnama gol çekişdi.

Meksikan topary Ýanssen üçin iňlis klubuna 7 million ýewro tölär. “Tottenhamdan” başga-da “Almere Siti”, “AZ Alkmaar” we “Fenerbahçe” klublarynda oýnan Ýanssen milli toparda 17 duşuşykda 7 gezek tapawutlandy.

Ýene degişli makalalar

FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
Azmun Baýer bilen Ýewroligadaky ilkinji duşuşygyna gatnaşdy, Barselona öz meýdanynda ýene ýeňip bilmedi we başga netijeler
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Iňlis toparlary italýan toparlaryndan öňe saýlandy
ÝEWROPADA 1-nji,DÜNÝÄDE 2-nji
14.03.2019 | Türkmenistan dünýä bazarlarynda önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar