Ademola Lukman 2024-nji ýylda Afrikanyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi

Ademola Lukman 2024-nji ýylda Afrikanyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi

Italýanyň Atalanta we Nigeriýanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Ademola Lukman 16-njy dekabrda Marokkoda geçen CAF Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasynda 2024-nji ýylda Afrikanyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi.

27 ýaşly Lukman Atalanta klubynyň Ýewropa ligasynda ýeňiş gazanmagyna kömek etdi, ol Baýer bilen geçirilen final oýunda het-trik etmegi başarypdy.

Simeon Adingra (Braýton, Kot-d'Iwuar), Seru Girassi (Borussiýa, Dortmund, Gwineýa), Aşraf Hakimi (PSŽ, Marokko) we Ronwen Wilýams (Mamelodi Sendaunz, GAR) iň gowy futbolçy adyna dalaşgär boldylar.

Ýylyň iň gowy tälimçisi adyna Kot-d'Iwuaryň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Emers Fae mynasyp boldy, ol ýanwar aýynda Afrikanyň Kubogyny gazanypdy.

Ýene degişli makalalar

Afrikada ýylyň futbolçysy baýragynyň ýeňijisi belli boldy
17-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
PYÇAK BULAÝLAÝAN YSRAÝYLLY ZENANY GOLAÝDAKY ADAMLAR DURUZDY
YSRAÝYLYŇ HOWPSUZLYK GÜÝÇLERI KALANDIÝEDE GEÇIREN REÝDINDE PALESTINLI BIR ADAMY KELLESINDEN ATDY
ABŞ-NYŇ DÜRLI KÜNJEKLERINDE MILLIONLARÇA ADAM “PATYŞA ÝOK” ATLY PROTESTLERE GATNAŞDY
YSRAÝYLYŇ BAÝDAGYNY GÖTERÝÄN EÝRANLY MONARHIST ÇAGALARYNYŇ ÝANYNDA DURAN ADAMY KEMSITDI