Afrikada ýylyň futbolçysy baýragynyň ýeňijisi belli boldy

Afrika futbol konfederasiýasy (CAF) Marokkonyň Marrakeş şäherinde geçirilen dabarada ýylyň iň ökdelerini mälim etdi.Italiýanyň “Atalanta” toparynda çykyş edýän nigeriýaly hüjümçi Ademola Lukman ýylyň iň gowy afrikaly futbolçysy diýlip saýlandy. 27 ýaşyndaky ýyldyz oýunçy bu ugurda marokkoly Aşraf Hakimi, Günorta afrikaly Ronwen Williams, kot-d’iwuarly Simon Adingra hem-de gwineýaly Serhu Girassi dagydan köp ses almagy başardy.

Baýragy geçen ýyl başga bir nigeriýaly hüjümçi Wiktor Osimhen alypdy.Afrikada ýylyň zenan futbolçysy baýragyna ABŞ-nyň “Orlando Praýd” klubunda oýnaýan zambiýaly Barbra Banda mynasyp boldy.Ol bu baýragy gazanan ilkinji zambiýaly zenan futbolçy diýlip bellige alyndy. Ýylyň ýaş futbolçysy diýlip bu ýylam “Monakoda” çykyş edýän senegally Lamin Kamara saýlandy.

Kot-d’Iwuaryň milli ýygyndysynyň tälimçisi Emerse Fae ýylyň tälimçisi baýragy bilen sylaglandy. /* custom css */ .td_uid_15_676212be00726_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_676212be00726_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Ademola Lukman 2024-nji ýylda Afrikanyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi
17-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
YSRAÝYLYŇ GAZA ŞÄHERINIŇ DEMIRGAZYGYNA GURAN HÜJÜMINDE ADAM PIDASY ÇEKILDI
PAKISTANDA POLISIÝA BÖLÜMINE GURALAN HÜJÜMDE AZYNDAN 12 ADAM ÖLDI
NÝU-ÝORKYŇ POLISIÝASY DÖRT MUSULMANA PYÇAK BILEN HOWP SALAN ADAMY TUSSAG ETDI
HYTAÝDAKY KÖMÜR KÄNINDE BOLAN PARTLAMADA AZYNDAN 82 ADAM ÝOGALDY, 9 ADAM DEREKSIZ ÝITDI