Sport täzelikleri

“Ýuwentusyňky” ýene-de jüpüne düşdiItaliýanyň “A-Seriýasynda” 35-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň, “Ýuwentus” nobatdaky çempionlygyny gazanmak ugrunda uly ädim ätdi.Myhmançylykda “Interi” 23 (Ikardi 52, Barzali 65 (ö.d.) — Duglas Kosta 13, Şkriniar 87 (ö.d.), Higuain 89) ýeňen “Ýuwentus” topary “Napoliniň-de” myhmançylykda “Fiorentinadan” 30 (Jiowanni Simeone 34, 62, 90+3) utulmagyndan soň, utuk aratapawudyny 4-e çykardy.

Duşuşyklaryň ikisinde-de ýeňlişe sezewar bolan toparlaryň hersinden 1 oýunçynyň eýýäm oýnuň ilkinji minutlarynda gyzyl kartoçka alandygy aýratyn bellärliklidir. Ýagny “Inter”“Ýuwentus” duşuşygynyň 15-nji minutynda ýer eýelerinden Matias Weçino, “Fiorentina”“Napoli” duşuşygynyň-da 8-nji minutynda myhman topardan goragçy Kalidu Kolibali gyzyl kartoçka aldy.

Wenger bilen Mouriniosoňky gezekAngliýanyň çempionatynda tapgyryň merkezi oýnunda “Mançester Ýunaýted” öz meýdançasynda “Arsenaldan” 21 üstün çykdy. 16-njy minutda Pogba bilen öňe çykan ýer eýelerine “Ýunaýtediň” ozalky oýunçysy Mhitarýan 51-nji minutda jogap berdi. 90+1-nji minutda-da oýna soňdan goşulan Fellaini kelle urgusy bilen toparyna ýeňiş getirdi.

Bu oýun hemişe duşuşykdan öň hem-de soň, biri-biri bilen dawalaşýan Mourinio bilen Wengeriň soňky duşuşygy boldy.Mälim bolşy ýaly, 22 ýyldan bäri “Arsenala” tälim berýän Arsen Wenger möwsümiň ahyrynda wezipesini taşlajakdygyny habar beripdi.

“Lokomotiw” bir ädim öňde, ýöne…Russiýanyň çempionatynda myhmançylykda “Krasnodardan” Smolowyň gollary bilen 20 (67 p, 68) asgyn gelen “Lokomotiw” çempionlygyny soňa goýmaly boldy. “Amkary” Boketti (8) we Hanniniň (81) gollary bilen 20 ýeňen “Spartak” çempionlyk üçin galan 2 tapgyrda-da “Lokomotiwiň” ýeňilmegine garaşmaly bolar. 4 utuk öňde barýan “Lokomotiw” ilki “Zeniti” kabul etse, soňky tapgyrda myhmançylykda “Arsenal” bilen duşuşar. “Spartak” öz meýdançasynda ilki “Rostow”, soňra-da “Dinamo” bilen duşuşar.

“Hamburg” ligada galmak üçin göreşýärGermaniýanyň çempionatynda “Fraýburgdan” 32 (Petersen 14, 52, Höler 90+2 — Bittenkur 82, 87) utulan “Köln” 4 möwsümden soň, ýene-de aşaky ligada oýnamaga mejbur boldy.

Myhmançylykda “Wolfsburgy” 31 (Brekalo 78 — Wud 43 (p), Holtbi 45+1, Waldşmidt 90+3) hasabynda ýeňen “Hamburg” kluby “Bundesliganyň” ähli möwsüminde çykyş eden ýeke-täk topar diýen derejesini goramak üçin tagalla baryny edýär.

Ýene degişli makalalar

Öňki-soňky “liwerpullylaryň” tagallasy çempionlyga ýetmedi, çempion “Mançester Siti”
Guardiola Fergusondan öňe geçdi
“Premier Ligada” ýylyň tälimçisi we ýylyň futbolçysy belli boldy
PSŽ 58 ýyllyk rekordy täzeledi
Transfer täzelikleri
118 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek finalda