Guardiola Fergusondan öňe geçdi

UEFA Çempionlar Ligasynda toparçalardaky 2-nji duşuşyklar oýnaldy. “G” toparçada soňky çempion “Mançester Siti” myhmançylykda “Leipsigi” 3-1 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda “Mançester Siti” toparyna ýeňiş getiren gollary Fil Foden, oýna soň giren Hulian Alwares bilen Žeremi Doku geçirdi. Şunlukda, “Mançester Siti” täze möwsüme 2 oýunda 2 ýeňiş bilen başlady.

Bu ýeňiş toparyň ussat tälimçisi Pep Guardiolanyň UEFA Çempionlar Ligasyndaky 103-nji ýeňşi hökmünde hasaba alyndy.Ispaniýaly tälimçi bu ugurda rowaýaty tälimçi Ser Aleks Fergusondan öňe geçip, 2-nji orna ýerleşdi.

Bu ugurda “Real Madridiň” tälimçisi Karlo Ançelotti 109 ýeňiş bilen öňdeligini saklap gelýär.Ançelotti 109 ýeňşe 193 oýunda ýeten bolsa, Fergusona 102 ýeňiş üçin 190 duşuşyk gerek boldy.

Guardiola bolsa has gysga wagtda 103 ýeňşe ýetdi.Ol 161 duşuşykda 103 gezek ýeňiş gazandy.

Fransiýaly Arsen Wenger (82 ýeňiş, 178 oýunda) bilen portugaliýaly Žoze Mourinio (77 ýeňiş, 145 oýunda) bolsa ilkinji 5-lige girýän beýleki tälimçilerdir.

Ýene degişli makalalar

“Mançester Sitiniň” 100-nji goly, Guardiola Mourinodan öňe geçdi
“Mançester Siti” ilkinji gezek finalda, Guardiola 7-nji tälimçi
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
“Real Madridi” 4-0 ýeňen “Mançester Siti” 2-nji gezek finalda
“Premier Ligada” ýylyň tälimçisi we ýylyň futbolçysy belli boldy
Türkiýede Stambul — Aşgabat howa gatnawynyň petekleriniň satuwy başlandy, Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna 70-den gowrak näsag çaga operasiýa edildi, Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa Russiýa sammitine gatnaşar