“Real Madridi” 4-0 ýeňen “Mançester Siti” 2-nji gezek finalda

UEFA Çempionlar Ligasynda Interiň finaldaky garşydaşy Mançester Siti topary boldy. Ýarym finalyň jogap oýnunda öz meýdançasynda soňky çempion Real Madridi taryhy hasap bilen, 4-0 hasabynda utup, güýçli garşydaşyny derbi-dagyn etdi.

Her ýarymda 2 gol geçiren Mançester Sitiniň gollarynyň 2-sini, oýnuň iň ökde oýunçysy hem saýlanan Bernardo Silwa (23, 37), beýlekileri-de Manuel Akanži bilen Hulian Alwares geçirdi. Şunlukda, 4-0, 2 oýnuň jemi boýunça-da 5-1 üstün çykan Mançester Siti 2021-nji ýyldan soň 2-nji gezek finala çykdy.

Çempionlar Ligasyndaky 100-nji ýeňşini gazanan Pep Guardiola soňky 8 duşuşygynda Karlo Ançelottini 6-njy sapar ýeňlişe sezewar etdi.Guardiola Ançelotti (107) we Fergusondan (103) soň 100 ýeňşe ýeten 3-nji tälimçidir. Şeýle-de, 4-nji gezek finala çykan Guariola bu ugurda Ançelottiden soň 2-nji ýerde barýar.

Pep Guardiola Real Madridi 3-nji gezek bu ýaryşdan çykaran ilkinji tälimçi boldy. Ähli ýaryşlary hasaba alanyňda öz meýdançasynda bassyr 15-nji ýeňşini gazanan Mançester Siti umumylykda 23 oýundan bäri ýeňilmän gelýär.

Real Madrid topary 2009-njy ýyldan soň, umumylykda 5-nji gezek Çempionlar Ligasynda 4-0 hasabynda utuldy. Karlo Ançelotti Çempionlar Ligasyndaky 191-nji duşuşygyny geçirip, bu babatda Ser Aleks Ferguson bilen paýlaşýan rekordyny öz adyna geçirdi.

Şeýlelikde, Mançester Siti bilen Inter finalda duşuşyp, bu olaryň arasyndaky ilkinji resmi duşuşyk bolar.Final duşuşygy 10-njy iýunda Türkiýäniň Stambul şäherindäki Atatürk Olimpiýa stadionynda oýnalar.

Bu stadionda ozalam iňlis we italýan klublary finalda duşuşypdy. 2005-nji ýyldaky şol taryhy finalda Angliýanyň Liwerpul topary Italiýanyň Milan toparyndan esasy we goşmaça wagty 3-3 deňlikde tamamlanan duşuşykda penaltileriň netijesinde çempionlyk gazanypdy.

Ýene degişli makalalar

Guardiola Fergusondan öňe geçdi
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
UEFA-da ýylyň futbolçysy hem-de tälimçisi mälim edildi
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
“Real Madridiň” UEFA-daky 5-nji Super Kubogy
“Mançester Sitiniň” 100-nji goly, Guardiola Mourinodan öňe geçdi