PSŽ 58 ýyllyk rekordy täzeledi

Fransiýanyň çempionatynda soňky çempion PSŽ bassyr 12-nji ýeňşini gazandy.Parižliler öz meýdançasynda “Lill” toparyny Mbappe we Neýmaryň gollary bilen 21 hasabynda utdy. Şeýlelikde, PSŽ Ýewropanyň TOP 5 ligasynda iň şowly başlan topar boldy.

PSŽ mundan 58 ýyl ozal, 196061 möwsümine 11 ýeňiş bilen başlan “Tottenhamyň” rekordyny täzeledi.* * *Angliýanyň çempionatynda tapgyryň iň esasy oýnunda “Arsenal” bilen “Liwerpul” duşuşyp, ol 11 deňlikde tamamlandy. 61-nji minutda Milner bilen öňe saýlanan “Liwerpul” 82-nji minutda Lakazettiň goluna çäre tapyp bilmedi. “Çelsi” London derbisinde “Kristal Palasy” 31 ýeňdi.

Duşuşykda Morata 2 gol geçirdi. “Mançester Siti” bolsa “Southemptondan” 61 hasabynda üstün çykdy.Mourinionyň tälimçiligindäki “Mançester Ýunaýted” ýaş hüjümçileriniň gollary bilen iň soňky minutda ýeňiş gazandy.* * *Germaniýanyň “Bundesligasynda” Dortmundyň “Borussiýasy” myhmançylykda “Wolfsburgy” Roýsuň ýeke-täk goly bilen 10 hasabynda ýeňdi. “Bawariýa” öz meýdançasynda “Fraýburg” bilen 11 deňme-deň oýnap, zerur bolan 2 utugy ýitirdi.

Ýene degişli makalalar

Ýyldyz oýunçy 5 ýyldan soň ýygynda çagyryldy Germaniýanyň düzümi mälim boldy
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Bundesliga birinji tapgyr: Azmunyň topary ýeňildi
“Barselona” 3 utuk ýeterlik
Lewandowskiniň rekordy ýeňşe ýetmedi
“Mançester Siti” bir ädim öňe geçdi