“Liwerpul” 1 ýyldan bäri ýeňilmän gelýär

Angliýanyň “Premier” ligasynda soňky 10 günde toparlaryň her haýsy 3 duşuşyk geçirdi.Sanawyň öňdebaryjysy “Liwerpul” topary “Boxing Day” diýlip atlandyrylýan bu duşuşyklaryň 3-sinde hem ýeňiş gazanyp, 1 oýny kem 13 utuklyk aratapawudy saklamagy başardy. Ýurgen Kloppuň şägirtleri şu möwsümdäki 20-nji duşuşygynda 19-njy ýeňşini gazandy.

Olar öz meýdançasynda “Şeffild Ýunaýted” toparyny Salah (4) we Maneniň (64) gollary bilen 20 hasabynda ýeňdi.Bu “Liwerpulyň” yzly-yzyna gazanan 11-nji ýeňşi bolup, olaryň ýeňlişsiz ýörişi dowam edýär.

Bu duşuşykda topy 969 gezek özara geçiren (874-si takyk) “liwerpullylar” paslaşmakda “Premier” liganyň rekordyny täzelediler. Şunlukda, laýyk 1 ýyl ozal, “Mançester Sitiden” 21 utulyp, şondan bäri-de ýeňlip görmedik “Liwerpul” topary (37 oýun) bu ugurda “Arsenalyň” rekordyna (49 oýun) ýene bir ädim golaýlady. “Liwerpul” mundan öňki tapgyrda “Wulwerhemptony” 10 (Mane 42), ondan ozal bolsa, myhmançylykda “Lester Sitini” 40 (Firmino 31, 74 , Milner 71 p, Aleksander-Arnold 78) ýeňipdi.

GUARDIOLA MOURINIONYŇ REKORDYNY TÄZELEDI

19-njy tapgyrda “Liwerpuldan” 40 asgyn gelen “Lester Siti” myhmançylykda “West Hamy” 21, soňra bolsa, “Nýukasly” 3-0 ýeňdi. Çempionlykdan azda-kände daşlaşan “Mançester Siti” 19-njy tapgyrda 20 öňe saýlanandygyna garamazdan, “Wulwerhemptondan” 32 ýeňildi.

Pep Guardiolanyň şägirtleri soňky 2 duşuşygynda ýeňiş gazanyp, olar “Şeffild Ýunaýtedi” 20 (Aguero 52, De Bruýne 82), “Ewerton” toparyny-da 21 hasaplar bilen utdy. “Şeffild Ýunaýted” duşuşygynda gazanylan 3 utuk Pep Guardiolanyň “Premier” ligadaky 100-nji ýeňşi boldy.

Ispaniýaly tälimçi bu görkezijä 134 oýunda ýetip, ol Žoze Mourinionyň rekordyny täzeledi (142 oýunda 100 ýeňiş).

20-nji tapgyrda öz meýdançasynda “Çelsiden” 21 utulan “Arsenal” 21-nji tapgyrda “Mançester Ýunaýtedi” Pepe (8) we Sokratisiň (42) gollary bilen 20 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

9 ÝYLDAN SOŇ, ILKINJI ÝEŇIŞ

Şeýle-de Şotlandiýanyň çempionatynda Glazgo şäheriniň iki topary “Seltik” bilen “Reýnjersiň” arasyndaky “Old Firm” derbisinde ýeňiş myhmanlaryň tarapynda boldy. 21 hasabynda üstün çykan “Reýnjers” 9 ýyldan soň, esasy bäsdeşini myhmançylykda ýeňmegi başardy.

Ýene degişli makalalar

5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Sportuň taryhynda şu gün 26-njy dekabr
FA Kubogynyň 1/16 finalynda iki läheň duşuşar
Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
“Mançester Ýunaýtedden” garaşylmadyk ýeňliş, “Liwerpul” “Tottenhamy” kabul eder