16 ýyldan soň gazanylan 8-nji kubok

Angliýanyň FA Kubogynyň finalynda “Liwerpul” bilen “Çelsi” duşuşdy.Londondaky “Wembley”-de oýnalan finalyň esasy hem-de goşmaça wagtynda hasap açylmady. Ýeňijini penalti urgulary kesgitläp, 6-5 öňe saýlanan “Liwerpul” taryhynda 8-nji gezek FA Kubogyny eýeledi.

Penaltileri “Liwerpuldan” Milner, Alkantara, Firmino, Aleksander-Arnold, Diego Žota hem-de Simikas dürs ýerine ýetirdi. 5-nji urguny uran Sadio Maneniň urgusyny watandaşy, “Çelsiniň” derwezeçisi Mendi sowmagy başardy. “Çelside” bolsa Mikel Alonso, Ris Jeýms, Barkli, Žoržinio, Ziýeş dagynyň urgulary, takyk Azpilikueta bilen Meýson Mauntyň urgulary welin, takyk bolmady.

Şeýlelikde, 2012-nji ýylda soň bu ýaryşda ilkinji finalyna çykan “Liwerpul” 16 ýyldan soň kubogy eýeledi. “Çelsi” bolsa bassyr 3-nji gezek finalda utulyp, bu ugurda antirekord goýdy. “Liwerpulyň” tälimçisi Ýurgen Klopp FA Kubogynda 1-nji, karýerasynda-da 11-nji kubogyny asmana göterdi. “Liwerpul” topary FA Kubogyny iň köp gazanan 4-nji topar bolup, ol “Çelsi” hem-de “Tottenham” bilen deňleşdi.

Sanawyň başyny “Arsenal” (14) bilen “Mançester Ýunaýted” (14) çekýär.

“Liwerpul” topary fewral aýynda oýnalan Liga Kubogynyň finalynda-da “Çelsi” bilen duşuşyp, duşuşygyň esasy we goşmaça wagtynda hasap açylmandy. Penaltileriň netijesinden öňe saýlanyp, möwsümdäki ilkinji kubogyny gazanypdy. Möwsümi 4 kubok bilen tamamlamagyň bosagasynda duran “Liwerpulyň” indiki maksady “Premier Ligada” “Mançester Sitiniň” utulmagyny arzuw edip, Çempionlar Ligasynyň finalyna garaşmak.

Ýene degişli makalalar

"Asyryň oýunçysy", "asyryň tälimçisi", "asyryň agenti", "asyryň kluby" yglan edildi
UEFA-da ýylyň futbolçysy hem-de tälimçisi mälim edildi
Liwerpul 2021/22 möwsümde Angliýanyň premýer-ligasynyň iň erkli topary boldy
Ýylyň futbolçysy we tälimçisi kim bolar?
Angliýada ýylyň tälimçisi ― Ýurgen Klopp!
Hepdede 350 müň funt sterling hak alar