“Napoliniň”, “Atletikonyň”, “Bawariýanyň” täze futbolçylary (Günüň transfer habarlary)

Esasy goragçysy Kalidu Kolibailini “Çelsä” ugradan “Napoli” topary onuň ornuna “Fenerbahçeniň” koreýaly futbolçysy Kim Min Çženiň transfer etdi. “Napoli” topary 25 ýaşly oýunçy bilen 3+2 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Italýan kluby Min Çženiň transferi üçin “Fenerbahçe” toparyna 18 million 50 müň (ozalky şertnamada ýazylan mukdar) ýewro berer.Koreýaly oýunçy italýan klubundan ýyllyk 2,5 million ýewro hak alar.

Koreýaly oýunçy 3+2 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Ispaniýanyň “Atletiko Madrid” topary Italiýanyň “Udineze” klubunda argentinaly sag gyraky goragçy Nahuel Molina bilen düzümini güýçlendirdi. 24 ýaşyndaky oýunçy üçin ispan kluby italýan toparyna 20 million ýewro berer. Argentinaly oýunçy madridliler bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Molina soňky 2 möwsümde “Serie A”-da 68 oýunda 10 gol geçirip, 7 goluň pasyny berdi.

Diego Simeone watandaşy Nahuel Molinany sag goragda oýnadar.

Braziliýaly meşhur hüjümçi Wagner Law ýurdunyň klublaryndan, 2-nji liganyň wekili “Sport Resifi” toparynyň düzümine goşuldy. 38 ýaşyndaky futbolçy 1 ýyllyk şertnama baglaşyp, ol täze toparynda 99-njy belgili köýnekçäni geýer. Soňky gezek Daniýanyň “Midtýulland” toparynda oýnan Law ýurdunyň “Palmeýras”, “Flamengo”, “Korintians”, şol sanda SSKA Moskwa”, “Monako”, “Beşiktaş”, “Kaýrat” ýaly toparlarynyň köýnekçesini geýdi.

“Sport Resif” topary Wagner Lawyň karýerasyndaky 11-nji klub bolar.

Germaniýanyň “Bawariýa” topary “Barselonadan 16 ýaşyndaky Adam Aznuny tölegsiz transfer etdi. Nemes kluby ýaş winger bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşdy. Adam Aznu tomusky dynç alyşdan soň “Bawariýanyň” U17 düzümine goşular. “Bawariýa” şu hepdäniň başynda “Renn” toparyndan 17 ýaşly fransiýaly hüjümçi Matis Teli hem transfer edipdi.

Adam Aznu “Bawariýa” şu möwsümde transfer eden 4-nji 17 ýaşdan kiçi futbolçysydyr.

“Zenitdäki” şertnamasy tamamlanan Magomed Ozdoýew karýerasyny Türkiýede dowam etdirer. 29 ýaşyndaky futbolçy “Süper Ligdäki” Stambul klublarynyň biri bolan “Fatih Karagümrük” topary bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Tomusň başynda italiýaly Andrea Pirlonyň tälimçilige bellän klub geçen möwsümi 8-nji orunda tamamlapdy.

Italiýanyň “Fiorentina” topary ukrain kluby “Şahtýor Doneskiň” braziliýaly goragçysy Dodony transfer etdi. Italýan kluby bu transfer üçin donesklilere 14,5+3,5 million ýewro tölär. 23 ýaşyndaky futbolçy italýanlar bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşdy. Dodo “Koritiba”, “Witoriýa Gimaraýnş “ýaly klublarda hem oýnady.

Dodo karýerasyny “Fiorentinada” dowam etdirer.

Ispaniýaly meşhur futbolçy Hose Kallehon 9 ýyldan soň “Serie A”-da “La Liga” dolandy. “Fiorentinanyň” futbolçysy ýurdunyň “Granada” topary bilen şertnama baglaşdy. 35 ýaşyndaky oýunçy “Granada” bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşdy. 2013-nji ýylda “Real Madridden” “Napoli” toparyna geçen Kallehon 2020-nji ýylda “Fiorentinanyň” düzümine goşulypdy.

Ol “Napolide” 349 (82 gol), “Fiorentinada” 55 (2 gol) duşuşyk geçirdi.

Kallehon 9 möwsümden soň “La Liga” dolandy.

Ýene degişli makalalar

111 ýyllyk klub taryhynda ilkinji gezek 2-nji liga düşdi
Maduro ABŞ-nyň Prezident Saýlawlaryna Goşulyşmaga Çalyşýandygyny Aýtdy
Öz rekordyny täzeledi
Xiaomi ýelpewaç oturdylan goştorba hödürledi
Türkmen resmileriniň garaýşyndan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň möhüm orny
Sterlingiň indiki tutluşygynyň kim bilen boljakdygy aýdyldy