111 ýyllyk klub taryhynda ilkinji gezek 2-nji liga düşdi

Braziliýanyň çempionatynda 2023-nji ýyl tamamlanyp, “Palmeiras” topary bassyr 2-nji gezek çempion diýen ady eýeledi. 20 klubuň çykyş edýän çempionatynda 4 klub hem aşaky liga düşdi.

Aşaky liga düşen klublaryň biri-de ýurduň iň meşhur toparlaryndan, futbolyň şasy, merhum Peläniň çykyş eden kluby “Santos” hem bar.Soňky tapgyrda öz meýdançasynda “Fortaleza” toparyndan 2-1 (Marinýo 39, Huan Martin Luçero 90+7 Messias 58) asgyn gelen “Santosyň” ligada galmaga utugy ýetmedi.

Olar ýeňiş gazanan ýagdaýynda ligada galardy.

Şäheriň adybir kluby 111 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek aşaky liga düşdi. “Santos” topary Braziliýanyň çempionatynda “Sao Paulo” hem-de “Flamengo” klublary bilen bir hatarda, aşaky liga düşmedik 3 toparyň biridi.

“Santosdan” başga-da, “Goias”, “Koritiba” hem-de meşhur futbolçy Halkyň çykyş edýän “Amerika Mineiro” klublary 2-nji liga düşdi. Olaryň ornuna “Witoria”, “Ýuwentude”, “Krisiuma” hem-de “Atletiko Goiýaniense” klublary ýokary liga çykdy.

Ýene degişli makalalar

Meşhur klub çempionlygyny goramagy başardy
“Napoliniň”, “Atletikonyň”, “Bawariýanyň” täze futbolçylary (Günüň transfer habarlary)
Geljegiň 60 ýyldyz futbolçysy
21 ýyldan soň 2-nji çempionlygy
Kaka kyrk ýaşady
Kaka tälimçilige ymtylýar