Meşhur klub çempionlygyny goramagy başardy

Braziliýanyň çempionaty “Serie A”-da çempion iň soňky, 38-nji tapgyrda belli boldy.Abel Ferreiranyň tälimçiligindäki topar myhmançylykda “Kruzeiro” bilen 1-1 deňme-deň oýnady. “Palmeirasdan” Endrigiň goluna ýer eýeleri Nikaonyň goly bilen jogap berdi.

Bu deňlik San-Paulo şäheriniň wekiline bassyr 2-nji gezek çempionlyk üçin ýeterlik boldy. 38 oýunda 70 utuk toplan “Palmeiras” Luis Suaresiň çykyş eden kluby 2-nji ýerdäki “Gremiodan” 2 utuk öňe saýlandy.

Bu olaryň bassyr 2-nji, umumylykda-da 12-nji çempionlygy hökmünde hasaba alynyp, “Palmeiras” Braziliýanyň çempionatynda iň köp çempionlyk gazanan topardyr.Bu ugurda 8 gezek çempion bolan “Santos” 2-nji, 7 sapar çempionlyk gazanan Korintians bilen “Flamengo” 3-nji orny paýlaşýarlar

Ýene degişli makalalar

111 ýyllyk klub taryhynda ilkinji gezek 2-nji liga düşdi
“Napoliniň”, “Atletikonyň”, “Bawariýanyň” täze futbolçylary (Günüň transfer habarlary)
Geljegiň 60 ýyldyz futbolçysy
Maduro ABŞ-nyň Prezident Saýlawlaryna Goşulyşmaga Çalyşýandygyny Aýtdy
Xiaomi ýelpewaç oturdylan goştorba hödürledi
Türkmen resmileriniň garaýşyndan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň möhüm orny