Xiaomi ýelpewaç oturdylan goştorba hödürledi

Xiaomi ýelpewaç oturdylan goştorba hödürledi

Xiaomi kompaniýasynda Korin aýrybaşga brendli täze önüm - sowadyjy ulgamy bolan goştorba çykardylar. Onuň arka tarapy tizligi minutda 3500 aýlawly pyrlanýan ýelpewaç bilen enjamlaşdyrylandyr. Onuň gurluşynda energoeffektiw motor ulanylýar.

Bu bolsa, ulanyjy goştorbany arkasynda göterip barýarka, onuň ýagyrnysyny salkynladyp durmaga mümkinçilik berýär.Onsoňam, onuň arka tarapyna noutbuk hem salyp bolýar, ulgam ony-da sowadyp durýar, bu tomsuň jokrama yssysynda hasam wajypdyr.

Täze haryt suw geçirmezek materiallardan bejerilendir, goştorbanyň içine smartfon, klawiatura, syçan, gapjyk, gulaklyklar, noutbuk we saýawan sygýar diýip, öndüriji belleýär.Mobil gurluşlara zarýad bermek üçin daşky USB porty bar. Şeýle-de, goştorbany çemedana daňmak üçin karabinli ýörite kemerjikler hem göz öňünde tutulypdyr.

Ýene degişli makalalar

Türkiye-Gazagystan Bilelikdäki Strategik Meýilleşdiriş Toparynyň 8-nji Maslahaty Ankarada Başlady
Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda transportyň ösüşi
Sterlingiň indiki tutluşygynyň kim bilen boljakdygy aýdyldy
Türkmen resmileriniň garaýşyndan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň möhüm orny
“Napoliniň”, “Atletikonyň”, “Bawariýanyň” täze futbolçylary (Günüň transfer habarlary)
Öz rekordyny täzeledi