Öz rekordyny täzeledi

Dünýäniň öňdäki marafon ýaryşlarynyň biri bolan Berlin marafonynda rekord täzelendi. 48-nji gezek geçirilen Berlin marafonynda erkekleriň arasynda keniýaly Eliud Kipçoge dünýä rekordyny täzelemegi başardy. 37 ýaşyndaky türgen 2 sagat 01 minut 09 sekuntda pellehana gelip, 2018-nji ýylda goýan öz rekordyny 30 sekunt ösdürdi (02:01:39). Ýaryşda 2-nji ýeri başga bir keniýaly ýeňil atletikaçy Mark Korir eýeledi (02:05:58).

Münberiň 3-nji basgançagyna-da 2 sagat 06 minut 28 sekuntda ýaryşy tamamlan efiopiýaly Tadu Abate çykdy.

Dünýädäki 6 uly marafonyň biri bolan Berlin marafonynda zenanlaryň arasynda efiopiýaly Tigist Assefa ýeňiş gazandy. Onuň görkezen netijesi 2 sagat 15 minut 37 sekunda deň boldy. Keniýaly Rozemari Wanjirunyň 2-nji bolan ýaryşyny efiopiýaly Tigist Abaýeçew 3-nji orunda tamamlady.

Berlin marafonyna bu ýyl 45 müň töweregi ylgawçy gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Öz watandaşynyň rekordyny täzeledi
Londonda keniýalylaryň ýeňşi
Marafonda täze rekord
Ýylyň ýeňil atletikaçylary kim bolar?
Ýylyň ýeňil atletikaçylary
Ýylyň türgenleri saýlandy