Londonda keniýalylaryň ýeňşi

Her ýyl geçirilýän 6 uly marafon ýaryşynyň 3-njisi bolan London marafonynda keniýaly türgenler ýeňiş gazandy. 38-nji gezek geçirilen marafona 40 müň ylgaýjy gatnaşdy.Erkekleriň arasynda ýene-de keniýaly Eliud Kipçoge ýeňiş gazandy.

Onuň görkezen netijesi 2 sagat 04 minut 17 sekunda deň boldy.Rio 2016 Olimpiýa oýunlarynda altyn medal alan 33 ýaşly türgen 2015-nji we 2016-njy ýyllarda-da London marafonynda ýeňiji bolupdy.

Bu Kipçogeniň uly marafonlardaky 6-njy ýeňşi bolup, ol 2014-nji ýylda Çikagoda, 2015-nji we 2017-nji ýyllarda-da Berlinde ýeňiş gazanypdy.London marafonynda efiopiýaly Tola Şura Kitata (02:04:49) 2-nji, meşhur ylgaýjy, britaniýaly Mo Farah (02:06:21) 3-nji ýeri-de eýeledi.Zenanlaryň arasynda keniýaly Wiwian Çeruýot altyn medala mynasyp boldy. 5000 metr ylgawda Rioda çempion bolan 34 ýaşly Çeruýot pellehana 2 sagat 18 minut 31 sekuntda geldi.

Bu onuň marafonlardaky ilkinji ýeňşidir.Ondan 1 minut 42 sekunt yza galan watandaşy Brigid Kosgei 2-nji, efiopiýaly Tadelek Bekele 3-nji orny eýeledi.

Italiýanyň “ASeriýasynda” tapgyryň merkezi oýnunda “Napoli” myhmançylykda “Ýuwentusy” senagally goragçysy Kalidu Kulibaliniň 90-njy minutdaky goly bilen 10 utdy.Bu ýeňişden soň, 4 tapgyr galanda, “Napoli” (84) sanawyň lideri “Ýuwentus” (85) bilen utuk aratapawudyny 1-e düşürdi. “Napoli” topary “Serie A-da” myhmançylykda yzly-yzyna 30 duşuşykdan bäri utulman gelýär.

Ondan öň “Milan” bilen “Inter” şeýle başarnyk görkezipdi. 35-nji tapgyrda tapgyrda “Ýuwentus” “Inter” bilen, “Napoli-de” “Fiorentina” bilen myhmançylykda duşuşar.Toparlaryň galan oýunlara seredenimizde, bu tapgyrdan soň, “Napoli” topary “Torino”, “Sampdoria” hem-de “Krotone” klublary bilen duşuşsa, “Ýuwentus” “Bolonýany” kabul eder.

Soňra myhmançylykda “Roma” hem-de öz meýdançasynda-da “H.Werona” toparlary bilen güýç synanyşar.

“Benewento” we “Las Palmas”aşaky liga düşdiŞu möwsümde yzygiderliligini saklap bilmeýän “Milan” öz meýdançasynda autsaýder “Benewentodan” 10 utuldy.Bu ýeňiş myhmanlaryň ligada galmagy üçin ýeterlik bolmady. Şunlukda, ilkinji gezek “Serie A-da” çykyş eden “Benewento” 1 ýyldan soň, ýene-de aşaky liga dolanmaly boldy.Ispaniýanyň “La Ligasynda” 19-njy hatardaky “Las Palmas” öz meýdançasynda “Alawesden” 40 asgyn geldi we 3 ýyldan soň, ýene-de ikinji liga düşdi.

Rekorda şärik boldyAngliýanyň çempionatynda “West Bromwiç” bilen “Liwerpul” 22 deňme-deň oýnady.Duşuşykda toparynyň 2-nji goluny geçiren Mohamed Salah şu möwsümde çempionatdaky pökgüleriniň sanyny 31-e ýetirdi.

Ol 1992-nji ýylda döredilen “Premier ligada” 38 tapgyrly möwsümlerde 31 gol bilen çempionatyň iň köp gol geçiren oýunçylary bolan Alan Şirer, Kristiano Ronaldo hem-de Luis Suaresiň rekordyna şärik boldy.

Entek çempionatyň tamamlanmagyna 3 tapgyryň galandygyny hem belläp geçeliň.Angliýada 22 toparyň çykyş eden 42 tapgyrly möwsümlerinde Andrýuw Koul (1993/94) bilen Alan Şirer (1994/95) 34 pökgi geçiripdi.

Ýylyň futbolçysy — SalahAngliýanyň Professional Futbolçylar bileleşigi (PFA) “Premier ligada” ýylyň futbolçysy diýip, “Liwerpulyň” müsürli hüjümçisi Mohamed Salahy saýlady. 25 ýaşly ýyldyz bu ugurda Kewin De Bruýne, Leroý Sane, Daiwd Silwa (üçüsem “Man.

Siti”), Harri Keýn (“Tottenhem”) hem-de Dawid De Hea (“Man. Ýunaýted”) dagydan öňe saýlandy.Mohamed Salah bu baýragy alan ilkinji müsürli, ikinji afrikaly, arap hem-de musulman oýunçy boldy.

Ondan öň 2015/16 möwsüminde “Lester Sitiniň” çempionlygyna uly goşant goşan alžirli Riýad Mahrez PFA tarapyndan ýylyň futbolçysy saýlanypdy. Ýylyň ýaş futbolçysy baýragyna-da “Mançester Sitiniň” 22 ýaşyndaky germaniýaly oýunçysy Leroý Sane laýyk görüldi.

Ýene degişli makalalar

“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda Ýewropa futboly göni ýaýlymda görkezilýär
Öz watandaşynyň rekordyny täzeledi
Berlinde dünýä rekordy täzelendi
Lewandowski we ýoldaşlary Polşanyň düzümi
Ýylyň ýeňil atletikaçylary kim bolar?
Ýylyň ýeňil atletikaçylary