Ýylyň ýeňil atletikaçylary kim bolar?

Halkara ýeňil atletika federasiýalar bileleşigi (IAAF) 2018-nji ýylyň iň ýeňil atletikaçylary baýragynyň dalaşgärlerini mälim etdi.Erkekleriň arasynda bu ýyl Berlin marafonynda dünýä rekordyny goýan keniýaly Eliud Kipçoge, dekatlonda (on görnüşli ýaryşlar) täze rekordyň eýesi, fransiýaly Kewin Maýer dalaşgär görkezildi.

Bu ikisinden başga-da, syrykly bökmekde Ýewropanyň çempiony bolan şwesiýaly Armand Duplantis, 60 metr ylgawda dünýä rekordyny täzelän hem-de 100 metre ylgamakda Göwher liganyň ýeňijisi amerikaly Kristian Koleman hem-de 400 metr päsgelçilikli ylgawda Aziýanyň çempiony, katarly Abderrahman Samba dagy dalaşgärlige hödürlendi. Şeýle-de Beýik britaniýaly Dina Aşer-Smit, keniýaly Bitris Çepkoeç, kolumbiýaly Katerine Ibarguen, belgiýaly Nafissotu Tiam hem-de Bahamalardan Şaunae Miller-Uibo ýylyň zenan ýeňil atletikaçysy diýen at ugrunda göreşerler. Ýeňijiler 4-nji dekabrda Monakoda geçiriljek dabarada mälim ediler.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň ýeňil atletikaçylary
Ýylyň ýeňil atletikaçylary
Iki sagatdan öň tamamlan ilkinji türgen
Öz watandaşynyň rekordyny täzeledi
Londonda keniýalylaryň ýeňşi
Marafonda täze rekord