Ýylyň ýeňil atletikaçylary

Halkara ýeňil atletikalar federasiýalar bileleşigi (IAAF) ýylyň tapawutlananlaryny mälim etdi.Monakoda geçirilen dabarada keniýaly ylgaýjy Eliud Kipçoge ýylyň erkek ýeňil atletikaçysy diýlip saýlandy.Bu baýragy bassyr 2-nji gezek alan 35 ýaşly Kipçoge golaýda Awstriýanyň paýtagty Wenada geçirilen marafon ylgawynda taryhy netije görkezipdi.

Ol marafon ylgawyny 2 sagatdan öň tamamlan ilkinji türgen bolupdy.Zenanlaryň arasynda ýylyň ýeňil atletikaçysy baýragyna amerikaly Dalilah Muhammed laýyk görüldi. 29 ýaşly türgen Dünýä çempionatynda päsgelçilikli 400 metr ylgaw ýaryşlarynda 2 rekord goýupdy. Şeýle-de ösüp barýan ýyldyzlaryň arasynda uzak aralyga ylgaýjy, 19 ýaşly Selemon Barega (Efiopiýa) bilen beýikligine bökmekde ýaşlaryň arasynda rekord goýan 18 ýaşly Ýaroslawa Maguçih (Ukraina) saýlandy.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň ýeňil atletikaçylary kim bolar?
Ýylyň ýeňil atletikaçylary
Iki sagatdan öň tamamlan ilkinji türgen
Berlinde dünýä rekordy täzelendi
Galkan Aşgabatda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşyň çempiony boldy
23.05.2017 | Türkmenistanda Çehiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady