Öz watandaşynyň rekordyny täzeledi

Marafon ylgawlarynyň iň esasy 6 ýaryşynyň biri bolan Çikago marafonynda dünýä rekordy goýuldy.ABŞ-da geçirilen 45-nji Çikgao marafonynda erkekleriň arasynda 23 ýaşyndaky keniýaly Kelwin Kiptum 2 sagat 35 sekuntda pellehana gelip, dünýä rekordyny täzeledi.

Ozalky rekord başga bir keniýaly türgen Eliud Kipçoge degişli bolup, Kiptum onuň rekordyny 34 sekunt ösdürmegi başardy. Ýaryşda keniýaly Benson Kipruto 2-nji, belgiýaly Başir Abdi 3-nji ýeri eýeledi.

Zenanlaryň arasynda-da niderland türgen Sifan Hassan 2 sagat 13 minut 44 sekuntda ýaryşy tamamlap, Çikago marafonynyň rekordyny täzeledi. Keniýaly Rut Çepngetiç 2-nji, efiopiýaly Megertu Alemu 3-nji orna mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Berlinde dünýä rekordy täzelendi
Habib ýylyň iň gowy daşary ýurtly türgeni boldy
Öz rekordyny täzeledi
Marafonda täze rekord
Ýylyň ýeňil atletikaçylary kim bolar?
Ýylyň ýeňil atletikaçylary