“Albasete” taryhynda ilkinji gezek “Real Madridi” ýeňip, Şa Kubogyndan çykardy

“Albasete” taryhynda ilkinji gezek “Real Madridi” ýeňip, Şa Kubogyndan çykardy

Ispaniýanyň Şa Kubogy ýaryşynda şa kluby hasaplanýan “Real Madrid” üçin wagtyndan juda ir tamamlandy. 1/8 finalda 2-nji liganyň wekili “Albaseteden” 3-2 hasabynda utulan “Real Madrid” çärýek finalyň bosagasyndan yzyna gaýtdy. Çekeleşikli geçen oýna täze tälimçisi Alwaro Arbeloanyň ýolbaşçylygyndaky ilkinji duşuşykda ýaş hünärmen käbir ýyldyzlaryny meýdança goýbermedi.

Duşuşygyň 1-nji ýarymy Willar bilen Mastantuononyň garşylykly geçiren gollary esasynda 1-1 hasabynda tamamlandy. 2-nji ýarymda 2-nji ligada 17-nji orunda barýan “Albasete” topary Betankoryň 82-nji minutdaky goly bilen öňe saýlandy. 90+1-nji minutda “Realyň” ýaş oýunçysy Gonzalo Garsiýa hasaby deňlese-de, 90+4-nji minutda Betankor ýene bir gezek tapawutlanyp, toparyna ýeňiş getirdi.

Taryhynda ilkinji gezek “Real Madridi” ýeňen “Albasete” topary çärýek finala çykdy.

Şeýle-de, 1/8 finalda “Atletiko” myhmançylykda Deportiwony Grizmannyň goly bilen 1-0 hasabynda ýeňdi. “Betis” “Elçeden” 2-1, “Atletik Bilbao” bolsa myhmançylykda 2-nji liganyň wekili “Kultural Leonesa” toparyny goşmaça wagtda 4-3 hasabynda utdy. “Real Sosiedad” esasy wagty 2-2 hasabynda deňlikde tamamlanan oýunda 11 metrlik urgularyndan soň “Osasunany” ýaryşdan çykardy. “Barselona” şu gije “Rasing Santander” toparynyň myhmany bolar.

Ýene degişli makalalar

“Barselona” soňky minutlarda, “Real” aňsatlyk bilen ýeňiş gazandy
“Real Madrid” hem utuk, hem-de birinjiligi ýitirdi
“Barselona” 10 oýunda 33 gol geçirdi
“Barselona” rekordyna “Realyň” şärik bolmagyna ygtyýar bermedi
Mbappe Ronaldonyň rekordyny gaýtalady
Ispaniýaly tälimçileriň täze klublary