… we “Altyn top” baýragynyň eýesi Karim Benzema

Islendik futbolçynyň iň uly arzuwy bolan “Altyn top” (Ballon d’Or) baýragyna bu ýyl “Real Madrid” toparynyň fransiýaly hüjümçisi Karim Benzema laýyk görüldi.Parižde geçirilen dabarada oňa baýragyny onuň ozalky tälimçisi Zinedin Zidan gowşurdy.

Benzema “France Football” žurnalynyň iň abraýly baýragyny alan mahaly: “Köp zähmet çekdim.Zidan hem-de Ronaldo (braziliýaly) meniň idollarym.Ballon d’Or meniň arzuwymdy.Kyn günleri başdan geçirdim. Ýöne goý bolsun etmedim. Şonuň üçinem bu baýragy alanyma örän şat.

Goldaw beren hemmelere köp sagbolsun aýdýaryn” diýip, dabara ýygnananlara ýüzlendi.

Karim Benzema bu baýragy alan fransiýaly 5-nji futbolçy bolup, ondan öň Raýmond Kopa (1958), Mişel Platini (1983, 1984, 1985), Žan-Pier Papen (1991) hem-de Zinedin Zidan (1998) gazanypdy.

Ol 34 ýaş 290 gün bilen baýragy gazanan iň ýaşuly 2-nji futbolçydyr. “Altyn topy” gazanan iň ýaşuly futbolçy, baýragyň ilkinji eýesi angliýaly Stenli Mattýuwz bolup, ol 1956-njy baýragy alanda 41 ýaşyndady (41 ýaş 321 gün).

Geçen möwsümde 46 oýunda 44 gezek tapawutlanan Karim Benzema bu hormata laýyk görlen 8-nji “really” futbolçydyr. “Real Madridiň” futbolçylary bu baýragy 12-nji gezek eýeläp, olar bu ugurda “barselonalylar” bilen deňleşdiler.

“Altyn top” baýragyna 30 futbolçy dalaşgär görkezilip, Sadio Mane 2-nji, Kewin de Bruýne 3-nji, Robert Lewandowski 4-nji, Mohamed Salah 5-nji, Kilian Mbappe 6-njy, Tibo Kurtua 7-nji, Winisius Junior 8-nji, Luka Modriç 9-njy hem-de Erling Holann 10-njy orna mynasyp boldy.

Bu baýragy 5 gezek eýelän Kristiano Ronaldo 16 ýyldan soň ilkinji gezek onlyga düşüp bilmän, ol 20-nji orny eýeledi.Baýragyň 7 gezek eýesi Lionel Messi bu sapar dalaşgär görkezilmändi.

Zenanlaryň arasyndaky “Altyn top” (Ballon d’Or Feminin) baýragyna ýene-de “Barselonanyň” ispaniýaly ýyldyzy Aleksia Putelýas laýyk görüldi. 4-nji gezek gowşurylýan baýraga 24 ýaşyndaky futbolçy geçen ýyl hem mynasyp bolupdy.

Ol angliýaly Bet Mid hem-de awstraliýaly Sem Kerrden öňe saýlandy.

Ýylyň iň ökde derwezeçisine berilýän Ýaşin baýragynyň bu ýylky eýesi “Real Madridiň” belgiýaly derwezeçisi Tibo Kurtua boldy. Ol bu ugurda braziliýaly Alisson hem-de Edersondan köp ses almagy başardy.

Ýylyň iň ökde ýaş futbolçysyna gowşurylýan Kopa baýragyna “Barselonanyň” 19 ýaşyndaky ýarymgoragçysy Gawi mynasyp boldy. Ol baýragy geçen ýylyň ýeňijisi, topardaşy Pedriniň hem-de braziliýaly super ýyldyz Ronaldonyň elinden aldy.

Şeýle-de, ýylyň iň ökde hüjümçisine ýa-da iň köp gol geçiren futbolçysyna berlen Gerd Müller baýragyna “Barselonanyň” polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski mynasyp boldy. Ol baýragy geçen ýyl hem alypdy. Geçen möwsümde “Bawariýada” oýnan hüjümçi 56 oýunda 57 gol geçiripdi.

Dabarada 2 täze baýrak hem ilkinji gezek öz mynasyplaryna gowşuryldy.Olaryň birinji jemgyýetçilik meselelerine, ynsanperwer işlerine işjeň gatnaşýanlar üçin niýetlenen Sokrates baýragy bolup, Bawariýanyň senegally ýyldyzy Sadio Mane baýragyň ilkinji eýesi boldy.

Ol ýurdunda dürli haýyr-sahawat işjeň gatnaşýandygy üçin bu hormata laýyk görüldi.Mane baýragy merhum futbolçy Sokratesiň inisi, belli futbolçy Rainiň elinden aldy. Ýylyň topary baýragy-da “Real Madrid” hem-de “Liwerpul” klublaryndan köp ses alan “Mançester Siti” toparyna berildi.

Ozalky futbolçy Didie Drogba bilen belli žurnalist Sendi Heribertiň alyp baran dabarasyna futbol dünýäsiniň görnükli wekilleri öňki-soňky futbolçylar, klublaryň ýolbaşçylary we beýleki adamlar gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
Sportuň taryhynda şu gün 4-nji dekabr
Soňky çempion Fransiýanyň düzümi belli boldy
Fransiýanyň esasy iki ýyldyzynyň biri şikesi sebäpli düzümden çykaryldy
Futbol taryhynyň iň gowy 2-3-nji simwolik ýygyndylary
Sportuň taryhynda şu gün 22-nji dekabr