Sportuň taryhynda şu gün 4-nji dekabr

1963 Ukrainaly meşhur ýeňil atletikaçy, syrykly bökmekde 1 gezek Olimpiýa çempionlygyny, 6 gezek hem dünýä çempionlygyny gazanan Sergeý Bubka dünýä inýär.

1965 Germaniýaly futbolçy Ulf Kirsten dünýä inýär.

1996 Portugaliýaly futbolçy Diogo Žota dünýä inýär.

2007 “France Football” žurnalynyň abraýly “Ballon d’Or” baýragyna braziliýaly Kaka (doly ady Rikardo Izekson dos Santos Leite) mynasyp bolýar.

2011 Tennis boýunça 100-nji Dewis Kubogynyň finalynda Ispaniýanyň ýygyndysy Argentinanyň ýygyndysyndan 3:1 üstün çykýar.

2011 Özboluşly futboly, özboluşly durmuşy bilen ýatda galan, Lukman lakamly braziliýaly futbolçy Sokrates (doly ady Sokrates Brasileiro Sampaio de Sousa Wieira de Oliweira) 57 ýaşynda aradan çykýar.

The post Sportuň taryhynda şu gün 4-nji dekabr appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

… we “Altyn top” baýragynyň eýesi Karim Benzema
Maradonanyň eli we ikinji çempionlyk (Dünýä Kubogy 1986)
5 gezek çempion bolan ýeke-täk topar
“Meniň ornumy hiç kim almaz”
44 ýyldan soň 3-nji çempionlyk
Sportuň taryhynda bu hepde