Futbol taryhynyň iň gowy 2-3-nji simwolik ýygyndylary

“France Football” žurnaly futbolyň taryhynda iň gowy 2-nji hem-de 3-nji simwolik toparlary-da saýlady.Dünýäniň çar künjeginden 140 žurnalistiň ses bermegi esasynda yglan edilen 2-nji toparda Janluiji Buffon (Italiýa); Roberto Karlos (Braziliýa), Franko Barezi (Italiýa), Karlos Alberto Torres (Braziliýa); Alfredo Di Stefano (Ispaniýa), Frank Raýkard (Niderlandlar), Andrea Pirlo (Italiýa), Zinedin Zidan (Fransiýa); Ronaldinio (Braziliýa), Ýohan Kroýff (Niderlandlar) hem-de Garrinça (Braziliýa) ýaly ägirtler bar.

3-nji simwolik ýygyndyny bolsa, Manuel Noýer (Germaniýa); Paul Braýtner, Filip Lam (ikisem Germaniýa), Serhio Ramos (Ispaniýa); Andres Iniesta (Ispaniýa), Ýohan Neskens (Niderlandlar), Didi (Braziliýa), Mişel Platini (Fransiýa); Tierri Anri (Fransiýa), Marko Wan Basten (Niderlandlar) hem-de Jorj Best (D. Irlandiýa) dagy düzýär.

The post Futbol taryhynyň iň gowy 2-3-nji simwolik ýygyndylary appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Fransiýanyň esasy iki ýyldyzynyň biri şikesi sebäpli düzümden çykaryldy
Sportuň taryhynda bu hepde
UEFA-da ýylyň futbolçysy Robert Lewandowski
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
… we “Altyn top” baýragynyň eýesi Karim Benzema
Lewandowski, Ronaldu we Messi FIFA-nyň ýylyň oýunçysy baýragyna dalaşgär görkezilýär