UEFA-da ýylyň futbolçysy Robert Lewandowski

Bije çekiliş dabarasynyň dowamynda UEFA-da ýylyň tapawutlanan futbolçylary-da

saýlanyp, ýylyň iň gowy oýunçysy diýlip, “Bawariýanyň” polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski yglan edildi. Ol mundan

başga-da ýylyň hüjümçisi baýragyna-da laýyk görüldi. “Bawariýa” toparynyň beýleki futbolçylary Manuel Noýer ýylyň derwezeçisi, Joşua Kimmih ýylyň goragçysy diýlip

saýlandy. “Mançester

Sitiniň”

belgiýaly ýyldyzy Kewin

de Bruýne ýylyň ýarymgoragçysy baýragy bilen sylaglandy. “Bawariýa” toparyna şu möwsümde 5 kubok

gazandyran Hans-Diter Flik bolsa, ýylyň tälimçisi diýlip

saýlandy.

Ozalky futbolçylardan Didie Drogbanyň UEFA-nyň Prezidentiniň baýragyna mynasyp bolan dabarasynda zenan futbolynyň-da

tapawutlananlary mälim edildi. Zenanlaryň arasynda geçen möwsümde “Wolfsburgda” oýnan, häzirki wagtda “Çelsiniň” oýunçysy Pernil Harder ýylyň futbolçysy diýlip saýlandy. Ol ýylyň

hüjümçisi baýragyna hem laýyk görüldi. Sarah Buhaddi ýylyň derwezeçisi, Wendi Renar ýylyň goragçysy, Jennifer Marožan bolsa ýylyň ýarymgoragçysy diýlen ugurlarda tapawutlandy. Ýylyň tälimçisi

diýlip, “Lion” toparynyň baş tälimçisi Žan-Luk Wassur saýlandy.

Ýene degişli makalalar

Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
“Bawariýa”, “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” öňdeligi eýeleýärler
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
Futbol taryhynyň iň gowy 2-3-nji simwolik ýygyndylary
Tom Kruz köne başdan geçirmäni ýatlaýar