Kewin de Bruýne Çempionlar ligasynda hepdäniň oýunçysy diýlip yglan edildi

Kewin de Bruýne Çempionlar ligasynda hepdäniň oýunçysy diýlip yglan edildi

Mançester Siti iňlis futbol klubunyň ýarym goragçysy Kewin de Bruýne UEFA Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynyň iň oňat oýunçysy boldy diýip, guramanyň saýtynda habar berilýär.

Borussiýa (Dortmund) bilen geçirilen duşuşykda de Bruýne netijeli pas bilen tapawutlandy, Mançester Siti bolsa 2:0 hasap bilen ýeňiş gazandy. 31 ýaşly belgiýaly futbolçy iňlis klubunyň düzüminde 2015-nji ýyldan, ýagny nemesleriň Wolfsburgyndan geçeli bäri çykyş edip gelýär. "Sitiniň" düzüminde ol dört gezek Angliýanyň çempionatyny, iki gezek Angliýanyň Superkubogyny, bäş gezek Iňlis ligasynyň kubogyny, bir gezegem Angliýanyň kubogyny gazandy.

Ýene degişli makalalar

Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
ÝÇL: Mançester Siti we Inter çärýek finala çykdy
BAE-de Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirilýär, RT Documentary ahalteke atlary barada filmi surata düşürip başlady, we beýleki habarlar
Mançester Siti APL-yň merkezi oýnunda Arsenaly utdy
Real ÝÇL-iň birinji ýarym final oýnunda Mançester Siti bilen deň oýnady
“Mançester Sitiniň” esasy ýyldyzy indiki ýyla çenli meýdança çykyp bilmez
“FIFA The Best” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi