“Mançester Sitiniň” esasy ýyldyzy indiki ýyla çenli meýdança çykyp bilmez

Täze möwsümiň badalga berlen şu günlerinde Ýewropa futbolyndan ýyldyzlaryň şikes almagy bilen baglanyşykly habarlary yzygiderli gelip başlady. “Çelsiniň” täze transfer Nkunkunyň 4, “Real Madridiň” oýunçylary derwezeçi Tibo Kurtuanyň 7-8, goragçysy Eder Militaonyň 9 aý töweregi meýdança çykyp bilmejekdigi baradaky habarlaryň üstüne ýene biri goşuldy. Çempionatyň ilkinji duşuşygynda şikes alyp, meýdançadan çykan “Mançester Sitiniň” belgiýaly ýyldyzy Kewin De Bruýne hem agyr şikeslileriň sanawyna adyny ýazdyrdy. “Mançester Sitiniň” tälimçisi Pep Guardiola: Esasy ýyldyzlarymyzyň biri bolan De Bruýneniň şikesi sebäpli bize 3-4 aý kömegi degmez.

Ol ýylyň galan günlerinde meýdança çykyp bilmezmikä diýýärin.Onuň öwezini dolup bolmaz, ýöne ökde alternatiwlerimiz bar diýip, çykyş etdi.

Kewin De Bruýne 2015-nji ýyldan bäri “Sitiniň” düzüminde çykyş edip gelýär we ol 358 oýunda 96 gol geçirip, 153 goluň pasyny berdi.

Ýene degişli makalalar

Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
Mançester Siti APL-yň merkezi oýnunda Arsenaly utdy
“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
2023-nji ýylyň iň köp pul gazanan futbolçylary, Ronaldo ep-esli girdeji bilen öňde barýar
ÝÇL: Mançester Siti we Inter çärýek finala çykdy
De Bruýne, Hazar, Lukaku, Kurtua Belgiýanyň düzümi mälim edildi