Mançester Siti APL-yň merkezi oýnunda Arsenaly utdy

Mançester Siti APL-yň merkezi oýnunda Arsenaly utdy

Mançester Siti Angliýanyň premýer-ligasynyň 33-nji tapgyrynda Arsenaly uly hasap bilen ýeňdi. Ettihad stadionynda geçirilen oýun 4:1 hasabynda şäherlileriň peýdasyna tamamlandy.

Duşuşykda Mançester Sitiniň düzüminde Kewin De Bruýne (7-nji we 54-nji minutlar), Jon Stounz (45+1) we Erling Holland (90+5) tapawutlandy. Arsenalyň ýeke-täk jogap topy bolsa Rob Holding (86) tarapyndan geçirildi.

Şeýlelikde, Mançester Siti ähli ýaryşlardaky ýeňlişsiz oýunlarynyň seriýasyny 17 duşuşyga ýetirdi. Häzirki wagtda Pep Gwardiolanyň şägirtleri bir wagtyň özünde ÝÇL-de, APL-da we Angliýanyň Kubogynda hem kubok üçin göreş alyp barýarlar.

Ýeňlişe garamazdan, Arsenal 33 oýunda toplanan 75 utuk bilen APL-yň turnir tablisasynda liderlik edýär. Ikinji ýerdäki Mançester Sitiniň hasabynda bolsa 31 oýunda gazanylan 73 utuk bar.

Indiki tapgyryň oýnunda Arsenal 2-nji maý güni Çelsi bilen duşuşar. Öz gezeginde, şu tapgyrda öýünde Brentforddan 2:0 hasabynda ýeňlen Çelsiniň indiki möwsümde ÝÇL-e gatnaşmaga hukuk berýän orunlardan resmi ýagdaýda el üzendigini bellemek gerek.

Mançester Siti bolsa 30-njy aprelde myhmançylykda Fulhem bilen güýç synanyşar.Eger-de Mançester Siti şol oýunda ýeňiş gazansa, topçulary yzda galdyryp, turnir tablisasynyň birinji basgançagyna geçer.

Ýene degişli makalalar

“Liwerpul” bilen “Mançester Sitiniň” nobatdaky ýeňşi, “Arsenalyň” ilkinji ýeňlişi
“Liwerpul” ahyry ýeňiş gazandy
“Mançester Siti” ýeňşi ýatdan çykardy
APL: Üçünji tapgyr tamamlandy. Arsenal birinji, Lester iň soňky orunda
Çelsi ýene-de ýeňildi
Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça