BAE-de Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirilýär, RT Documentary ahalteke atlary barada filmi surata düşürip başlady, we beýleki habarlar

BAE-de Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirilýär, RT Documentary ahalteke atlary barada filmi surata düşürip başlady, we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Dubaýda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirilýär. Forumyň birinji gününde üç sany sessiýa geçirildi, olaryň dowamynda türkmen energetika pudagynyň gury ýer bölegine maýa goýmagyň mümkinçilikleri, uglewodorod ýataklaryny gaýtadan işlemegiň ekologik ugurlary, şeýle hem energetika bazarynyň içki we sebitleýin ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

2. RT Documentary teleýaýlymynyň işgärleri atçylyk sportynyň ösüşi we ahalteke atlary barada filmi surata düşürmek üçin Türkmenistana geldiler. Birnäçe bölümler Türkmenistanyň döwlet sirkinde surata düşürildi, bu ýerde Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň hünärmenleri iň gowy çykyşlaryny görkezdiler.

3. Aşgabatdan Daşoguza we yzyna otly gatnawy indi her gün, günde iki gezek hereket eder. Gatnawlaryň tertibine laýyklykda, otly gündiz we agşam sagat 17:00-da we 19:00-da Aşgabatdan Daşoguza ugrar. Otly peteklerini demir ýol wokzalynda hem, internet arkaly hem satyn almak mümkindir.

4. Türkmenistan awiakompaniýasy gol çekilen şertnama esasynda 2021-nji ýylyň martynda Türkmenistana getirilen P2F nusgaly Airbus A330-200 uçary arkaly Aşgabatdan Inçhona ilkinji ýük gatnawyny amala aşyrdy. Türkmen howa ýollary aprel aýynda Wýetnama, Çehiýa we Germaniýa dowamly ýük gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär.

5. Emirlikleriň Dragon Oil kompaniýasy geljek 15 ýylyň içinde Türkmenistandaky taslamalara, azyndan, ABŞ-niň 8 mlrd dollary möçberinde maýa goýmagy göz öňünde tutýar. Bu barada Dubaýyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmed bin Said Al Maktum BAE-niň paýtagtynda geçirilen Halkara forumda eden çykyşynda belläp geçdi.

6. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurduň atçylyk pudagynyň wekillerine Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.

Dünýäde

7. Ýaponiýanyň Hakuto-R kosmos modulynyň Aýa gonmak synanyşygy şowsuz tamamlandy. Ýeriň hemrasynyň üstüne gonanda kosmos enjamy bilen aragatnaşyk ýitdi, şonuň üçin hem Aýdaky wezipe şowsuz diýlip ykrar ediler. 2,3 metrlik Hakuto-R moduly geçen ýylyň dekabrynda SpaceX amerikan kompaniýasynyň Falcon 9 kysymly raketa-göterijisiniň kömegi bilen Aýa uçuryldy.

8. Şu günler Iordaniýada Multimediýa ýagtylyk festiwaly geçirilýär. Gadymy Petra şäherine gelenler öz gözleri bilen aýdym-sazlary, dinamiki suratlary we täsirli hekaýalary öz içine alýan reňkli 3D şüweleňini gördüler. Festiwalyň dowamynda 9 sany halkara derejeli suratkeş hususy eserleri bilen tanyşdyrdylar. Olar öz eserlerinde tomaşaçylara ýerli gözel künjekleriň iki müň ýyl ozal nähili görnendigini görkezdiler.

Sport

9. Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy 11 20-nji iýun aralygynda Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň howandarlygynda geçiriljek CAFA Nations Cup ýaryşynyň A toparçasynda Özbegistanyň, Täjigistanyň we Omanyň toparlary bilen oýnar. Türkmenistanyň çykyş etjek A toparçasyndaky toparlaryň duşuşyklary Daşkende geçiriler.

10.Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow Ispaniýanyň Wilýarreal klubynyň türgenleşik meýdançasyna gitdi.Wilýarreal akademiýasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, türkmen hünärmeni penşenbe güni tejribe geçmek üçin geldi.

Mergen Orazow akademiýanyň tälimçisi Karlos Ortiz bilen eýýäm duşuşypdy we klubyň akademiýasynyň işi bilen tanyşdy. 35 ýaşly Mergen Orazow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama oýunlaryna baş tälimçi hökmünde futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysyny türgenleşdirer.

11.Futbol boýunça Angliýa çempionatynyň 33-nji tapgyrynda Mançester Siti öz meýdançasynda “Arsenaldan üstün çykdy.Duşuşyk Etihadda geçirildi we şäherlileriň peýdasyna 4:1 hasabynda tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminden Kewin De Bruýne, Jon Stounz we Erling Holand tapawutlanmagy başardylar.

Mançester Siti ähli ýaryşlarda ýeňilmedik duşuşyklarynyň dowamlylygyny 17 oýna çenli uzatdy.Gwardiolanyň şägirtleri şol bir wagtyň özünde çempionatda, ýurduň kubogynda we Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanmak mümkinçiligini saklaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Gazagystana yzygiderli howa gatnawlaryny dikeltdi, Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde baýramçylyk çäreleri geçirildi, Arkadag şäherine we Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna ÝHHG-niň güwänamalary gowşuryldy we beýleki habarlar
2-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistan 1-nji oktýabrdan Belarusa yzygiderli howa gatnawlaryny dikelder
S7 Türkmenistana uçar gatnawlaryny dikeldýär
Russiýanyň S7 Airlines awiakompaniýasy Türkmenistana yzygiderli gatnawlary dikelder
Belawia awiakompaniýasy Türkmenistana amala aşyrjak gatnawlarynyň peteklerini satuwa çykardy