Özbegistandan Russiýa awtobus gatnawlary gaýtadan dikeldilýär

Özbegistandan Russiýa awtobus gatnawlary gaýtadan dikeldilýär

18-nji iýuldan başlap, Özbegistan bilen Russiýanyň arasynda iki ýyl mundan ozal COVID-19 pandemiýasy zerarly togtadylan awtobus gatnawy dikeldilýär diýip Mir24 saýty habar berýär. Özbegistanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugynyň habarynda bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylyň 18-nji iýulynda Daşkentden Moskwa, Kazan hem-de Sankt-Peterburg şäherlerine yzygiderli awtobus gatnawlary gaýtadan dikeldilýär.

Daşkent — Moskwa gatnawy hepdede iki gezek — duşenbe we penşenbe günleri, Daşkent — Kazan gatnawy sişenbe we anna günleri hem-de Daşkent — Sankt-Peterburg gatnawy bolsa hepdäniň çarşenbe we şenbe günleri amala aşyrylar. Awtobus gatnawynyň peteginiň bahasy 800 müň som (takmynan 4100 rubl) töweregi bolar. Gatnawlar Uzawtotrans serwis jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti tarapyndan Yutong awtobuslary arkaly ýerine ýetiriler.

Ýene degişli makalalar

Hepdäniň möhüm wakalary: Türkmenistanda hususy awtoulaglaryň sürüjileri örtüklerini aýyrdylar, TDMG-niň harby gullukçylaryna şahadatnamalary gowşurmak dabarasy geçirildi, Kataryň ilçihanasy 3 sany awtoulagy satuwa çykardy we beýleki habarlar
Türkmenistan awiakompaniýasy 1-nji iýuldan içki gatnawlaryň sanyny köpeltdi
Iýuldan başlap Türkmenistan awiakompaniýasy Russiýa hepdede 4 gezek uçuş edip başlady
Türkiýe Bilen Ysraýylyň Arasynda Howa Gatnawy Boýunça Ylalaşyk Gazanyldy
Awazada ulag ugurly halkara forum geçirildi
Türkmenistan 1-nji oktýabrdan Belarusa yzygiderli howa gatnawlaryny dikelder