Russiýanyň S7 Airlines awiakompaniýasy Türkmenistana yzygiderli gatnawlary dikelder

Russiýanyň S7 Airlines awiakompaniýasy Türkmenistana yzygiderli gatnawlary dikelder

Russiýanyň S7 Airlines awiakompaniýasy 17-nji oktýabrdan Türkmenistana yzygiderli howa gatnawlaryny ýerine ýetirip başlar. Gatnawlar Moskwa ― Türkmenbaşy ― Moskwa ugry boýunça ýerine ýetiriler. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Telegramda ýaýlymynda habar berilýär.

Uçar gatnawlary her hepdäniň duşenbe günleri ýerli wagt bilen sagat 10:05-de amala aşyrylar.Türkmenbaşy ― Moskwa ugry boýunça biletleriň bahasy iň pes nyrh boýunça ABŞ-nyň 409 dollaryna, gaýdyşyn ugur boýunça biletiň bahasy ABŞ-nyň 490 dollaryna barabar bolar.

Biletler awiakompaniýanyň Aşgabatda ýerleşýän edarasynda: A.Nyýazow şaýoly, jaý 124 salgysynda satylar (Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasy).Habarlaşmak üçin telefon: (+993 12) 21-05-93 (92).

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines Aşgabat — Stambul gatnawlaryna amatly nyrhnamalary hödürleýär
Aşgabat Awaza Aşgabat awtobus gatnawynyň peteginiň bahasy belli boldy
Aşgabat Awaza Aşgabat ugry boýunça petekleriň bahasy belli boldy
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Bangkoga uçar
Türkmenistanyň syýahatçylyk agentlikleriniň wekilleri Türkiýede saparda boldular
Kimler Turkish Airlines awiakompaniýasyny saýlamaly?