S7 Türkmenistana uçar gatnawlaryny dikeldýär

S7 Türkmenistana uçar gatnawlaryny dikeldýär

S7 Airlines (Sibir awiakompaniýasy) 17-nji oktýabrdan Russiýadan Türkmenistana howa gatnawlaryny dikelder. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Telegram-kanalynda habar berdi.

Gatnawlar hepdede bir gezek, diňe duşenbe güni Moskwa ― Türkmenbaşy ― Moskwa aralygynda amala aşyrylar. Uçar Moskwa şäherinden 03:30-da, Türkmenbaşydan 10:05-de uçar.

Petekler awiakompaniýanyň Aşgabatdaky satuw ofisinde satylar. Ofisiň salgysy: Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 174-nji jaý (Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasy).

Habarlaşmak üçin: +99312210593; +99312210592.

Ýolagçylary we olaryň el goşlaryny hasaba almak uçuşa 6 sagat galanda başlap, 2 sagat galanda tamamlanýar.

Oktýabr aýynda Belarusyň Belawia awiakompaniýasynyň hem Türkmenistana gatnawlaryny dikeltmegi meýilleşdirýändigini ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines Aşgabat — Stambul gatnawlaryna amatly nyrhnamalary hödürleýär
Türkmenistandan Russiýa iýun aýyndaky soňky ýörite howa gatnawy mälim edildi
Türkmenistan awiakompaniýasy içerki howa gatnawlarynyň täze tertibini mälim etdi
Russiýanyň S7 Airlines awiakompaniýasy Türkmenistana yzygiderli gatnawlary dikelder
Hindistan halkara howa gatnawyny dikeldýär
Türkmenistan 1-nji oktýabrdan Belarusa yzygiderli howa gatnawlaryny dikelder