Türkiýe Bilen Ysraýylyň Arasynda Howa Gatnawy Boýunça Ylalaşyk Gazanyldy

Türkiýe Bilen Ysraýylyň Arasynda Howa Gatnawy Boýunça Ylalaşyk Gazanyldy

Ysraýylyň Hökümet ofisinden berilen ýazmaça beýannamada, iki ýurduň arasynda Ysraýylyň howaýollarynyň Türkiýä uçuşlaryny gaýtadan başlamatmagyny üpjün etjek alynky ylalaşyga gol goýulandygy habar berildi.

“Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm öwrülşik nokady bolandygyna” üns çekilýän ylalaşyga, soňky hepdelerde geçirilen “açyk we netijeli gepleşiklerden” soň Ysraýyl bilen Türkiýäniň raýat awiasiýasy boýunça ýolbaşçylary tarapyndan gol çekişilendigi nygtalýar.

Beýannamada Ysraýylyň Premýer-ministri Ýair Lapidiň 23-nji iýunda Daşary işler ministri mahalynda Ankara guran saparynda Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen ylalaşyk gazanmaklaryndan soň iş ýüzüne geçirilendigi habar berilýar.

Beýannamada; “Alynky ylalaşyk Ysraýylyň howaýollarynyň Türkiýä gatnawyny gaýtadan başlatmagynyň ýola goýulmagyna garaşylýan awiaylalaşygyň gazanylmagy taýdan möhüm başlangyçdyr” diýilýär.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly finlýandiýaly kärdeşini gutlady
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Mewlüt Çawuşogly Aksa metjidi bilen bagly beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi
Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi