“Fenerbahçe”, “Olimpiakos” toparlary üçin Çempionlar Ligasy tamamlandy

UEFA Çempionlar Ligasynda 2-nji saýlama tapgyrynyň jogap oýunlary oýnaldy. Çekeleşikli geçen duşuşyklardan soň 3-nji saýlama tapgyryna çykan klublar belli boldy.Käbir duşuşyklaryň netijeleri garaşylmadyk ýagdaýda tamamlandy. Şolaryň birinde Gresiýanyň “Olimpiakos” topary öz meýdançasynda “Makkabi Haýfadan” 4-0 asgyn geldi.

Duşuşykda ysraýyllylaryň gollaryny Çeri (5), Pierrot (61, 65) hem-de Abu Fani (87) geçirdi.Bir hepde ozalky oýun 1-1 deňlikde gutarypdy. Öz meýdançasynda “Malmö” toparyny 1-0 ýeňen Litwanyň “Žalgiris” topary myhmançylykda hem ýeňmegi başardy.

Oýewusi hem-de Oliweiranyň gollary bilen 2-0 ýeňen “Žalgiris” 3-nji saýlama tapgyryna çykdy.Myhmançylykda Irlandiýanyň “Linfild” toparyndan 1-0 asgyn gelen “Bodo-Glimt” topary Norwegiýada 8-0 hasabynda ýeňdi.

Geçen möwsümde Konferensiýa Ligasynda şowly çykyş eden norweg toparynyň gollaryny Wetlesen (7), Bonifeýs (21 p), Pellegrino (25, 54 p), Saltnes (29), Espeýord (52, 88), hem-de Sampsted (73) derwezä girizdi. Öz meýdançasynda Şweýsariýanyň “Sürih” toparyny 3-2 ýeňen Azerbaýjanyň “Garabag” topary myhmançylykda 2-2 deňme-deň oýnap, ýoluny dowam etdirmegi başardy. “Garabag” topary 3-nji saýlama tapgyrynda Wengriýanyň “Ferenswaroş” topary bilen duşuşar.

Stanislaw Çerçesowyň tälimçiligindäki topar myhmançylykda “Slowan Bratislawany” 4-1 hasabynda ýeňdi.Wenger kluby 1-nji oýunda öz meýdançasynda 2-1 utulypdy.Ermenistanyň “Pýunik” topary 1-nji duşuşykda öz meýdançasynda Lýuksemburgyň “F91 Dudelanž” klubundan 1-0 utulypdy.

Jogap oýnunda ýer eýeleri 1-0 öňe saýlansa-da, dessine hasaby deňlän ermeniler 2-nji ýarymda 3 gol geçirdi we 4-1 hasabynda ýeňiş gazanmagyň hötdesinden geldi.

Türkiýäniň “Fenerbahçe” topary öz meýdançasynda Kiýewiň “Dinamosy” bilen duşuşdy.Esasy wagty 1-1 gutaran oýunda goşmaça wagtda ýene bir gol geçiren ukrainalylar 3-nji saýlama tapgyryna çykan tarap boldy. 1-nji duşuşyk golsuz tamamlanypdy. “AEK Larnaka” bilen “Midtýullannyň” arasyndaky duşuşykda 1-nji oýnuň hasaby gaýtalandy (1-1).

Goşmaça wagtda-da hasap üýtgemedi we penaltileriň netijesinde “Midtýullann” ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandy.

2-nji saýlama tapgyrynyň jogap duşuşyklarynyň netijeleri:

Slowan Bratislawa Ferenswaroş: 1-4 (2-1),

Şkupu Dinamo Zagreb: 0-1 (2-2),

Sürih Garabag: 2-2 (2-3),

Wiktoriýa Plzen HJK Helsinki: 5-0 (2-1),

Bodo-Glimt Linfild: 8-0 (0-1),

Malmö Žalgiris: 0-2 (0-1),

Şamrok Rowers Ludogores Razgrad: 2-1 (0-3),

Şerif Maribor: 1-0 (0-0),

Olimpiakos Makkabi Haýfa: 0-4 (1-1),

F91 Dudelanž Pýunik: 1-4 (1-0),

AEK Larnaka Midtýullann: 1-1, (3-4 p), (1-1),

Fenerbahçe Dinamo Kiýew: 1-2 g.w., (0-0)

3-nji saýlama tapgyrynyň duşuşyklary (2-3-nji awgust, 10-njy awgust):

Makkabi Haýfa Apollon Limassol

Ludogores Razgrad Dinamo Zagreb

Şerif Wiktoriýa Plzen

Garabag Ferenswaroş

Bodo-Glimt Žalgiris

Srwena Zwezda Pýunik

MonakoPSW Eýndhowen

Dinamo Kiýew Şturm Gras

Union Sent-Žillua Reýnjers

Benfika Midtýullann

Ýene degişli makalalar

UEFA Ýewropa ligasy
UEFA Ýewropa ligasy
UEFA Ýewropa ligasy
“Bawariýa”, “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” öňdeligi eýeleýärler
“Ferenswaroşyň” garaşylmadyk ýeňlişi we Çerçesow wezipesinden boşadyldy
“Aris” BATE-ni derbi-dagyn etdi