“LIWERPULYŇ” ÝEŇIŞLI ÝÖRIŞI TAMAMLANDY

Angliýanyň çempionatynda ädimme-ädim çempionlyga golaýlaýan “Liwerpul” topary garaşylmadyk ýagdaýda myhmançylykda aşaky orunlarda barýan “Watforddan” 30 asgyn geldi. Ýer eýelerine ýeňiş getiren gollary Sarr (2) bilen Dini derwezä girizdi.

Bu ýeňliş “Liwerpuly” birnäçe rekordy täzelemekden mahrum etdi. Şunlukda, 44 oýundan bäri ýeňilmän gelýän “Liwerpulyň” ýeňilmezekligi soňlandy.Olar bu ugurda “Arsenalyň” 49 oýunlyk rekordyna golaýlapdylar. Şol birwagtyň özünde yzly-yzyna 18 oýunda ýeňiş gazanyp, bu ugurda “Mançester Siti” bilen deňleşen “Liwerpul” rekordy öz adyna geçirip bilmedi.

“REAL KLASIKO”Ispaniýanyň çempionatynyň 26-njy tapgyrynda oýnalan “El Klasikoda” “Real Madrid” öz meýdançasynda “Barselonany” ýaş oýunçylary Winisius Junior (71) hem-de Mariana Diazyň (90+2) gollary bilen 20 hasabynda ýeňdi.

Bu ýeňişden soň, 1-nji orna geçen “Real Madrid” “La Ligada” ezeli bäsdeşini 73-nji gezek utup, 72 ýeňşi bolan “Barselonadan” öňe saýlandy. 2014-nji ýyldan soň, ilkinji ýola öz meýdançasynda “Barselonany” ýeňmegi başaran “Real Madridiň” 1-nji pökgüsini geçiren Winisius Junior “El Klasikoda” tapawutlanan iň ýaş futbolçy boldy (19 ýaş 233 gün). Öňki rekord Lionel Messä (19 ýaş 259 gün) degişli bolup, argentinaly oýunça 6 oýundan bäri “El Klasikolarda” tapawutlanmak başardanok. Şeýle-de “Barselona” 45 ýyldan soň, ilkinji gezek iki “El Klasikoda” gol geçirip bilmedi (1-nji oýun 00 tamamlanypdy).20 ÝYLDAN SOŇ, BIRINJI ORUNDAItaliýanyň çempionatynda geçen tapgyrda diňe 4 duşuşyk geçirildi. “Bolonýany” Luis Alberto (18) we Korreanyň (21) gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňen “Lasio” 20 ýyldan soň, sanawda birinji orna beýgeldi.

Iki möwsümden bäri hemmäniň ünsüni çekýän “Atalanta” topary myhmançylykda “Leççeni” 72 hasabynda ýeňdi (Donati 17 ö.d., Zapata 22, 54, 62, Iliçiç 47, Muriel 87, Malinowskýi 90+1 — Saponara 29, Donati 39). “Atalanta” topary şu möwsümde 3-nji gezek 7 golly ýeňiş gazandy. “Kaliari” bilen “Romanyň” arasyndaky oýunda 7 gol geçirilip, myhmanlar 4-3 (Kaliniç 29, 41, Kluiwert 64, Mhitarýan 81 Galwao 28, 89, Pereiro 75) hasabynda garşydaşyndan üstün çykdy.Germaniýanyň çempionatynda şikes alan Robert Lewandowskiniň ýokdugyna garamazdan, “Bawariýa” myhmançylykda “Hoffenhaýmy” 60 hasabynda ýeňdi.

Oýunda Koutinio 2 gezek tapawutlandy.Iki aý gowrak wagtlyk arakesmeden soň, Russiýanyň çempionaty hem başlap, 20-nji tapgyrda oýnalan 8 duşuşygyň 5-si deňlikde tamamlandy.

Ýene degişli makalalar

Bellingam bar bolsa…
250-nji “El Klasiko”
Real El Klasikoda Barselonadan üstün çykdy
255-nji resmi “El Klasiko”
Şu gün 252-nji El Klasiko!
Super “Barselona”