DÇ-2022: Şweýsariýa Serbiýa utup, 1/8 finala çykdy

DÇ-2022: Şweýsariýa Serbiýa utup, 1/8 finala çykdy

Şweýsariýanyň milli ýygyndysy DÇ-2022-niň üçünji tapgyrynda Serbiýadan üstün çykdy. Oýun 3:2 hasabynda Şweýsariýanyň peýdasyna tamamlandy.

Duşuşykda ilkinji gol 20-nji minutda Jerdan Şakiri tarapyndan uruldy. Emma Şweýsariýanyň hasapdaky üstünligi uzak dowam etmedi. 26-njy minutda Mitrowiçiň, 35-nji minutda Wlahowiçiň gol urmagy bilen Serbiýa 2:1 öňe saýlandy. 44-nji minutda Bril Embolo hasaby deňlän bolsa, 48-nji minutda Remo Froýler Şweýsariýa ýeňiş getiren goly derwezä ýollady.

Şeýlelikde, Şweýsariýa 6 utuk bilen G toparçasynda ikinji orny eýeläp, 1/8 final tapgyryna ýollanma aldy.

Tapgyrda Braziliýany ýeňen Kamerun 4 utuk bilen üçünji ýeri eýelän bolsa, toparçada ahyrky orun 1 utuk toplan Serbiýa degişli boldy.

Şweýsariýa 1/8 finalda Portugaliýa bilen çärýek finala çykmak üçin göreş alyp barar.

DÇ-2022-niň pleý-off tapgyryna 3-nji dekabrda badalga berler.

Ýene degişli makalalar

Braziliýa hem ýeňilýär, şweýsarlar soňky 5 çempionatda 4-nji gezek 1/8 finala çykdy
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Serbiýanyň ýygyndysy
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryny Russiýanyň güni bilen gutlady
Hytaý Russiýany Merkezi Aziýadaky iň uly daşary ýurt maýa goýujy hökmünde yzda galdyrdy
Daşary işler ministri Fidan Russiýada saparda bolar