Braziliýa hem ýeňilýär, şweýsarlar soňky 5 çempionatda 4-nji gezek 1/8 finala çykdy

Katar 2022-de toparçalardaky duşuşyklar tamamlanyp, 1/8 finala çykanlaryň ähli belli boldy. “G” toparçada 1/8 finala çykandygy 2-nji oýunlardan soň belli bolan Braziliýa bilen Kamerun duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda Braziliýa meýdança 2-nji düzümi bilen çykdy. Şonda olar hüjüm baryny etdiler. Ýöne sambaçylara hasaby açmak başartmady.

Oýnuň 90+2-nji minutynda Wensan Abubakar hasaby açan oýunçy bolup, Kamerunyň ýygyndysy 1-0 hasabynda ýeňiş gazandy.Soňky gezek 1998-nji ýylda toparçalarda utulan Braziliýanyň ýygyndysy 17 oýundan soň ýeňlişe sezewar boldy. 9 oýundan soň Dünýä Kubogynda ýeňiş gazanan Kamerunyň ýygyndysynyň goluny geçiren Wensen Abubakara emin köýnekçesini çykaryny üçin 2-nji kary kartyny görkezip, netijede gyzyl kart berip, meýdançadan çykardy.

Ol Zinedin Zidandan soň (2006) Dünýä Kubogynda gol geçireninden soň gyzyl kart alan ilkinji futbolçy boldy. Şeýle-de, Braziliýanyň ýygyndysynda esasy düzümde çykyş eden Dani Alwes (39 ýaş) Dünýä Kubogynda oýnan iň ýaşuly brazil futbolçysy hökmünde hasaba alyndy.

Netijede, bu ýeňiş Kameruna 1/8 finala çykmak üçin ýeterlik bolmady.

Toparçadaky beýleki duşuşykda garşylykly geçirilen gollaryň netijesinde Şweýsariýa Serbiýany 3-2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 20-nji minutda Herdan Şakiriniň goly bilen öňe saýlanan şweýsarlara serbler 26-njy minutda Aleksander Mitrowiçiň goly bilen jogap berdi. 35-nji minutda bu gezek Serbiýa öňe geçip, goly Wlahowiç derwezä girizdi. 1-nji ýarym tamamlanmanka-da şweýsarlar Embolonyň goly bilen hasaby deňlediler (44). 2-nji ýaryma-da gol bilen başlan Şweýsariýa 48-nji minutda Froýleriň goly esasynda öňe saýlandy.

Galan minutlarda toparlaryň ikisine-de hasaby üýtgetmek başartmady. Şunlukda, Şweýsariýanyň ýygyndysy 3-2 hasabynda ýeňiş gazanyp, utugyny 6-a çykardy we soňky 5 çempionatda 4-nji gezek 1/8 finala çykdy.

Düzümindäki güýçli oýunçylara garamazdan, Serbiýanyň ýygyndysy bassyr 2-nji gezek finala çykyp bilmedi.

Ýene degişli makalalar

DÇ-2022: Şweýsariýa Serbiýa utup, 1/8 finala çykdy
Serbiýanyň ýygyndysy
Dünýä Kubogynda 20 ýyldan soň täze çempion
DÇ-2022: Kamerun Serbiýa bilen oýunda ýeňlişden halas bolmagy başardy
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Nigeriýada mina partlady