DÇ-2022: Birinji tapgyr Braziliýanyň ýeňşi bilen jemlendi

DÇ-2022: Birinji tapgyr Braziliýanyň ýeňşi bilen jemlendi

Braziliýa — Serbiýa gapma-garşylygy bilen DÇ-2022-niň birinji tapgyrynyň oýunlary jemlendi.Birinji tapgyryň jemleýji duşuşygy Braziliýanyň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.Brazillere ýeňiş getiren gollary 62-nji we 73-nji minutlarda Rişarlison derwezä ýollady. Şeýlelikde, Braziliýa 3 utuk bilen G toparçasynda birinji orna geçdi.

Ikinji ýerde Kameruny 1:0 hasabynda ýeňe Şweýsariýanyň ýygyndysy bar.Heniz hasabynda hiç hili utuk bolmadyk Kamerun we Koreýa Respublikasy degişlilikde üçünji we dördünji ýerlere ornaşdylar.

G toparçasynda ikinji tapgyryň oýunlary 28-nji noýabrda geçiriler. Şol gün Kamerun Serbiýa bilen, Braziliýa bolsa Şweýsariýa bilen güýç synanyşar.

Bu gün DÇ-2022-de ikinji tapgyryň oýunlary badalga alar.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň çäginde dünýä çempionatynyň duşuşyklaryna Match tv teleýaýlymynyň üsti bilen göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkin.

Düýnki oýunlaryň netijeleri:

Bu günki boljak oýunlar:

Ýene degişli makalalar

DÇ-2022: Şweýsariýa Kameruny minimal hasapda ýeňdi
6 gol geçirilse-de, ýeňiş gazanan bolmady
DÇ-2022: Kamerun Serbiýa bilen oýunda ýeňlişden halas bolmagy başardy
Kamerunda suw süýşgüninde 14 adam heläk boldy
DÇ-2022: Portugaliýa we Braziliýa 1/8 finalda
Braziliýa hem ýeňilýär, şweýsarlar soňky 5 çempionatda 4-nji gezek 1/8 finala çykdy