6 gol geçirilse-de, ýeňiş gazanan bolmady

Katar 2022-de “G” toparçada 1-nji duşuşyklarynda utulan 2 ýygyndy Kamerun bilen Serbiýa duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda 6 gol geçirilse-de, ýeňiş gazanan bolmady.Ilki Kamerun hasaby açsa, soňlugy bilen serbler 2 gol aratapawudy bilen öňe saýlandy. Ýöne ýanbermezek Kamerun hasaby deňlemegi başardy we 1/8 finala çykmak mümkinçiligini dowam etdirdi. 29-njy minutda Kastelletto Kameruny 1-0 öňe saýlady. 45-1-nji minutda Pawlowiç hasaby deňlän bolsa, 45+2-nji minutda Sergeý Milinkowiç-Sawiç hasaby 2-1-e ýetirdi we serbler 2-1 öňde arakesmä çykdy.

2-nji ýarymda Wensen Abubakaryň oýna girmeginden soň Kamerunyň hüjümdäki güýji artyp başlady we bu ýagdaý skorborada hem öz oňaýly täsirini ýetirdi.Ol 63-nji minutda topy derwezeçiniň üstünden derwezä girizdi. 66-njy minutda bolsa Abubakaryň pasyndan soň Şupo-Moting hasaby deňlän oýunçy boldy. Şeýlelikde, Kamerun bilen Serbiýanyň arasyndaky duşuşyk 3-3 hasabynda deňlikde tamamlandy we iki topar hem ilkinji utugyny gazandy.

Toparlaryň ikisiniň hem 1/8 finala çykmak mümkinçiligi dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

DÇ-2022: Kamerun Serbiýa bilen oýunda ýeňlişden halas bolmagy başardy
Serbiýanyň ýygyndysy
Nigeriýada mina partlady
DÇ-2022: Kamerun Braziliýany ýeňlişe sezewar etdi
Braziliýa hem ýeňilýär, şweýsarlar soňky 5 çempionatda 4-nji gezek 1/8 finala çykdy
DÇ-2022: Portugaliýa we Braziliýa 1/8 finalda