DÇ-2022: Portugaliýa we Braziliýa 1/8 finalda

DÇ-2022: Portugaliýa we Braziliýa 1/8 finalda

DÇ-2022-niň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, Portugaliýanyň we Braziliýanyň ýygyndylary hem wagtyndan öň pleý-of ýollanmasyna eýe çykdylar.Has takygy, G toparçada çykyş edýän Braziliýa Şweýasriýany Kazemironyň 83-nji minutda uran ýeke-täk goly bilen 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, utuklarynyň sanyny 6-a ýetirip, wagtyndan öň 1/8 final tapgyra adyny ýazdyrdy.

Ikinji tapgyrdan soňra G toparçada Şweýsariýa 3 utuk bilen ikinji ýerde barýan bolsa, Kamerun 1 utuk bilen üçünji, Serbiýa bolsa edil şonça utuk bilen dördünji ýerde barýar.

Bu toparçada üçünji tapgyryň oýunlary 2-nji dekabrda 23:55-de başlanyp, olarda Kamerun Braziliýa bilen, Şweýsariýa bolsa Serbiýa bilen güýç synanyşar.

H toparçasynda çykyş edýän Portugaliýanyň ýygyndysy hem iki oýunda iki ýeňiş gazanyp, pleý-off meselesini üçünji tapgyra galdyrmazdan birýüli etdi.Portugaliýa ikinji tapgyrda Bruno Fernandeşiň dubly (54, 90+3 penalti) bilen Urugwaýy 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde bu ýeňişden soňra Portugaliýa 6 utuk bilen öz toparçasynda liderlik edýär.

Ikinji ýerdäki Urugwaýda 3 utuk bar bolsa, 1 utukdan toplan Koreýa Respublikasy we Gana 3-4-nji orunlary paýlaşyp durlar.

H kwartetinde üçünji tapgyryň oýunlary 2-nji dekabrda geçiriler. Şol gün Portugaliýa Koreýa Respublikasyna garşy meýdança çyksa, Urugwaý Gana bilen oýunda güýjüni terezä salar.

Şunlukda, ikinji tapgyrdan soňra üç ýygyndy — Fransiýa, Braziliýa we Portugaliýa pleý-off ýollanmasyna eýe çykdy. Iki ýurt — ýer eýesi Katar we Kanada bolsa wagtyndan öň indiki tapgyra çykmak mümkinçiligini elden giderdi.

DÇ-2022-de şu gün üçünji tapgyryň oýunlaryna badalga berler.

28-nji noýabrda geçirilen oýunlaryň netijeleri:

29-njy noýabrda geçiriljek oýunlar:

Ýene degişli makalalar

Ertir Dünýä Kubogy 2026-nyň bijeleri çekiler
Dünýä Kubogy 2026-nyň bijeleri çekildi
Çärýek finalda çekeleşikli duşuşyklar garaşýar
Günorta Koreýanyň ýygyndysy soňky demde 1/8 finala çykdy
Adam hukuklary we azatlyklary ugrundaky halkara başlangyçlar
Stol futboly