Stol futboly

Çilide Taca-taca, Argentinada Metegol diýlip tanalýan meşhur güýmenjeleriň biri hem stol futbolydyr. Halkara futbol assosiasiýasyna esaslanýan bu oýnuň maksady ýaşlaryň futbola bolan söýgüsini artdyrmak hem-de wagtyny peýdaly geçirmeklerini üpjün etmekdir.

1890-njy ýyllarda Ispaniýada hem-de Ýewropanyň käbir sebitlerinde stol futboly üçin ilkinji gezek patentler berlip başlanýar. Şeýle-de bolsa, stoluň üstünde oýnalýan futboluň gözbaşy 1921-nji ýyldan, ýagny angliýaly Harold Searles Torntonyň Stol futbolyny oýnamak üçin enjam atly patenti almagy bilen başlanýar. Bu enjamyň oýlanyp tapylmagy futbol janköýerlerine öýünden çykman, stoluň üstünde söýgüli oýnuny oýnamagyna mümkinçilik berýär.

Stol futboly düşegi futbol meýdançasyna meňzeş gönüburçly agaç çarçuwadan, metal turbajygyna oýunçylar berkidilen 6 tutawaçdan (her tarapa 3:3) hem-de her tarapda utuklary bellemek üçin birden dokuza çenli sanly görkezijiden ybaratdyr.

Bu oýunda her tarapda 9 futbolçy (käbirinde 4 tutawaç, 6 oýunçy) bolup, tutawaçlara erk edýän oýunçynyň ezberligine baglylykda utuk gazanylýar.Adaty stoluň uzynlygy 120 santimetr, ini 61 santimetr bolup, gol bolanda top derwezeden geçip, meýdançanyň gyrasyndaky boşluga gaçýar.

Bu oýny islege görä wagty we düzgünleri çäklendirmezden oýnap bolýar.Stol futbolyndaky düzgünler ýurt ýa-da sebit boýunça dürli-dürli bolsa-da, bitewi düzgüne laýyklykda bäsleşikler hem geçirilýär.

Oýnuň dowamynda futbolçylary ýokary galdyrmak ýa-da tutawajy doly derejede (360 dereje) aýlamak gadagan edilýär.Stol futbolyny iki adam (ýekeleýin), şeýle hem iki tarapdan iki adam (jübütleýin) oýnap bilýär.

2002-nji ýylda stol futbolynyň meşhurlygyny artdyrmak maksady bilen Fransiýada Halkara stol futboly federasiýasy (ITSF) döredildi.Häzirki wagtda ITSF guramaçylyk işlerini alyp baryp, Halkara Olimpiýa komiteti hem-de Halkara Sport federasiýasynyň baş assosiasiýasy bilen bilelikde halkara ýaryşlary guraýar.

Ilkibaşda stol futboly boýunça Dünýä çempionaty FIFA Dünýä Kubogyna gabatlanyp geçirilýärdi, ýöne 2009-njy ýyldan bäri her ýylda guralýar. 2013-nji ýylda Fransiýanyň Nant şäherinde geçirilen stol futboly boýunça Dünýä çempionatyna 30 ýurtdan 500 töweregi meýletinçi gatnaşdy.

Soňky ýyllarda Aziýa ýurtlary hem bu oýunda netijeli çykyş edýärler.ITSF ýaryşlaryny 5 kompaniýa (Bonzini, Roberto Sport, Garlando, Tornado, Leonhart) resmi taýdan stol enjamlary bilen üpjün edýär.

Futbol topy barada gyzykly maglumatlar

Futbol topunda 12 bäşburçluk we 20 altyburçluk bar.

Dünýäde iň köp futbol topuny öndürýän brendler: Adidas, Nike, Umbro.

Dünýädäki iň uly futbol topy 2013-nji ýylda Katarda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Topuň diametri 13 metr töweregi bolup, agramy takmynan 960 kilograma barabar.

1930-njy ýylda Urugwaýda geçirilen futbol boýunça ilkinji Dünýä Kubogynyň duşuşyklarynda T-model atly bagjykly toplar ulanylýar.

Ýene degişli makalalar

Brandcoll müşderilere ähli gerek harydy bir ýerde hödürleýär
Nike we Adidas sport balaklardaky çyzyklar üçin kazyýete ýüz tutdular
2022-nji ýylda dünýäde iň köp satylan sport köwüşleri mälim edildi
2022-nji ýylda dünýäde iň köp satylan krossowkalar
Türkmenistanyň ýük awiaparky ilkinji Airbus uçary bilen dolduryldy, Serdar Berdimuhamedow Katara resmi sapary amala aşyrar, Aşgabatda TSTB-2023 sergisiniň ikinji güni dowam edýär we beýleki habarlar
Türkmenistana Özbegistanda öndürilen Nike krossowkalary eksport edilýär