2022-nji ýylda dünýäde iň köp satylan krossowkalar

2022-nji ýyl “Nike Dunk Low Panda” krossowkasy dünýäde iň köp satylan sport aýakgaby boldy. Bu barada “eBay” onlaýn-platformasynyň beýanatynda mälim edilýär.

Meşhurlygy boýunça ondan soň, “Air Jordan 1 Retro High OG Patent Bred”, “Adidas Yeezy Boost 350 V2 Beluga Reflective”, “Adidas Yeezy Boost 350 V2 Bone” we “the Air Jordan 11 Retro Cool Grey” ýaly krossowkalar gelýär.

Tamamlanyp barýan ýylyň dowamynda isleg artan krossowkalaryň sanawynda bolsa, ilkinji orna “New Balance 990 V1” modeli eýe bolup, oňa bolan isleg has-da artypdyr. Onuň yz ýanyndan “New Balance 2002R”, “Adidas Forum Low” we “New Balance – 550” hem-de “990 V2” modelli sport aýakgaplar gelýär.

Internet ulanyjylarda “Nike”, “Adidas”, “Air Jordan”, “New Balance” hem “Vans” ýaly sport aýakgaplary iň köp gyzyklanylan krossowkalar bolupdyr.

Ýene degişli makalalar

2022-nji ýylda dünýäde iň köp satylan sport köwüşleri mälim edildi
“Nike” iň naýbaşy krossowka brendi
Maýkl Jordanyň sport aýakgaplary bäsleşikli söwdada satylar
Rowaýaty basketbolçynyň sport aýakgaby rekord bahadan satyldy
Maýkl Jordan üçin ýörite döredilen Nike krossowkalarynyň ilkinji jübüdi 1,47 mln dollara satyldy
Nike robota krossowkany arassalamagy öwretdi