“Nike” iň naýbaşy krossowka brendi

Krossowka bazarynyň 18%-ni eýeleýän “Nike” kompaniýasy öňdebaryjy kompaniýalaryň biridir. Bu barada Germaniýanyň bazar we sarp edijileriň maglumatlary boýunça ýöriteleşen “Statista” kompaniýasy habar berýär.

Ikinji orunda “Nike”-yň eýeçiligindäki we bazaryň 11%-ni eýeleýän “Jordan” brendi durýar. “Adidas” 9% bilen üçünji, “Skechers” we “Vans” 7% bilen dördünji we bäşinji, “MoonStar” brendi 5% bilen altynjy orunda durýar. “Nike”-yň eýeçiligindäki “New Balance and Converse” bazaryň 4%-ini eýeledi.

“Statista”-nyň bilermenleri häzirki wagtda krossowka bazarynyň möçberiniň 75 milliard dollara barabardygyny çaklaýarlar. 2028-nji ýyla çenli, takmynan, 100 milliard dollara ýeter diýlip garaşylýar.

1964-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Fil Naýt tarapyndan esaslandyrylan “Nike” kompaniýasy başda “Blue Ribbon Sports” diýlip atlandyrylypdyr.Bu brend 1978-nji ýylda “Nike” adyna eýe boldy.Kompaniýa häzirki wagtda “Nike” brendi we “Nike Golf”, “Nike Pro”, “Nike +”, “Air Jordan”, “Nike Blazers”, “Air Force 1”, “Nike Dunk”, “Air Max”, “Foamposite”, “Nike Skateboarding”, “Nike CR7”, “Hurley International” we “Converse” brendli harytlaryny satýar.

Ýene degişli makalalar

Nike robota krossowkany arassalamagy öwretdi
2022-nji ýylda dünýäde iň köp satylan sport köwüşleri mälim edildi
2022-nji ýylda dünýäde iň köp satylan krossowkalar
Golfçy Taýger Wuds taryhda üçünji milliarder türgen boldy
Maýkl Jordanyň sport aýakgaplary bäsleşikli söwdada satylar
Maýkl Jordan üçin ýörite döredilen Nike krossowkalarynyň ilkinji jübüdi 1,47 mln dollara satyldy