Maýkl Jordan üçin ýörite döredilen Nike krossowkalarynyň ilkinji jübüdi 1,47 mln dollara satyldy

Maýkl Jordan üçin ýörite döredilen Nike krossowkalarynyň ilkinji jübüdi 1,47 mln dollara satyldy

Nike kompaniýasy tarapyndan basketbolçy Maýkl Jordanyň Milli basketbol assosiasiýasynyň (MBA) yzygiderli çempionatyndaky çykyşlary üçin türgeniň islegleri göz öňünde tutulyp taýýarlanylan ilkinji jübüt krossowka Las-Wegasdaky Sotheby’s auksionynda bu görnüşli aýakgap üçin rekord bolan 1,47 mln dollara satyldy. Bu barada TASS habar berýär.

Auksion öýüniň saýtynda bellenilişi ýaly, Jordan ilkinji gezek bu aýakgap bilen 1984-nji ýyldaky MBA-nyň çempionatynyň bäşinji oýnunda çykdy, sebäbi firma krossowkany möwsüm başlamanka taýýarlap ýetişmedi.Basketbolçynyň şol wagt “Air Ships” diýlip atlandyrylan ak-gyzyl krossowkada çykmagy has açyk reňkli dizaýny sebäpli liganyň ýolbaşçylarynda nägileligi döretdi. Şonuň üçin türgeniň şol aýakgaplarda her bir çykyşy üçin birnäçe müň dollar jerime salyndy, ýöne ol hiç wagt özi üçin döredilen krossowka modelini üýtgetmedi, Nike bolsa mundan uly mahabat peýdasyny alýardy.

Netijede, krossowka modeli “Air Jordan” adyny aldy, soňra bu at örän gowy bökmek ukybyna eýe bolan Jordanyň hem lakamyna öwrüldi.

Bu krossowkany çagalygynda MBA-nyň oýunlarynyň birinde top daşaýjy bolup işläp, ony basketbolçynyň hut özünden alan Tommi Tim Lýuis satuwa çykardy. Ol ony şu wagta çenli örän gowy ýagdaýda saklapdyr. Auksion başlamazdan öň, krossowka 1-1,5 mln dollar bilen bahalandyryldy, şeýlelikde ol bahanyň ýokary çäginde satyldy.

Jordan iki gezek Olimpiýa çempiony (1984, 1992) we “Çikagonyň” düzüminde alty gezek MBA-nyň çempiony boldy.Ol “Waşingtonda” hem oýnady we 2003-nji ýylda şol ýerde karýerasyny tamamlady.

Jordan bäş gezek MBA-nyň iň gymmatly oýunçysy diýlip bellendi we 14 gezek “Ýyldyzlaryň” oýnuna gatnaşdy.Ol ortaça her oýunda 30,1 utuk gazanýardy, 6,2 “top ogurlygyny” amala aşyrýardy we 5,3 geçirim edýärdi.

Ýene degişli makalalar

2022-nji ýylda dünýäde iň köp satylan sport köwüşleri mälim edildi
Maýkl Jordanyň sport aýakgaplary bäsleşikli söwdada satylar
“Nike” iň naýbaşy krossowka brendi
Golfçy Taýger Wuds taryhda üçünji milliarder türgen boldy
2022-nji ýylda dünýäde iň köp satylan krossowkalar
Rowaýaty basketbolçynyň sport aýakgaby rekord bahadan satyldy